Futbol boýunça Angliýanyň Kubogynda garaşylmadyk waka boldy. Derejesi boýunça ýurduň altynjy diwizionyna degişli bolan «Meýdstoun» höwesjeňler kluby ikinji diwiziona degişli «Ipswiç Taun» toparyny ýeňip, ýurduň Kubogynyň 1/8 finalyna çykdy. Duşuşyk «Ipswiçiň» stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda «Meýdstounyň» peýdasyna tamamlandy. Topara ýeňşi Jekson Reýnoldsyň we Sem Korneniň gollary getirdi, ýer eýelerinden Jeremi Sarmiýento pökgi geçirdi. «Ipswiçiň» oýunçylarynyň 38 urgudan (13-si derwezäniň içine) soň ýekeje pökgi geçirendigi bellärliklidir. Emma «Meýdstoun» bary-ýogy iki gezek urgy geçirdi we olaryň ikisi hem takyk boldy. Şeýlelikde, «Meýdstoun» taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Kubogynyň şeýle ýokary basgançagyna çykýar. Höwesjeňler toparynyň geljekki garşydaşy heniz belli däl, ol 1/8 finala çykan gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenenden soň mälim ediler.