Amerikan Apple Inc. 2023-nji ýylda Hytaýyň smartfon bazarynda öz paýyny bir ýyl ozalky 16,8%-den 17,3%-e çenli artdyryp, ilkinji gezek bazaryň lideri boldy. Bu barada interfax.ru belleýär. International Data Corporation-yň (IDC) deslapky maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Hytaýda umumy smartfon satuwy 5% - 271,3 mln birlige çenli azaldy, bu bolsa on ýylda iň pes görkezijidir. Ýöne oktýabr-dekabr aýlarynda üpjünçilik 11 çärýegiň dowamynda ilkinji gezek artdy. Görkeziji ýyllyk aňlatmasynda 1,2% - 73,6 mln smartfona çenli ýokarlandy. Hytaý bazarynda oýlanyşykly önüm strategiýasynyň netijesinde Honor ikinji orny saklady. Kompaniýa eplenýän gurluşlarynyň üstünlikli hatarynyň hasabyna bazaryň ýokary baha segmentinde, şeýle-de birnäçe meşhur modelleriniň netijesinde orta we aşaky segmentlerde özüni görkezdi. Huawei brendi dördünji çärýekde iki ýyldan gowrak wagtdan soň Hytaýyň smartfon bazarynyň liderleriniň bäşligine gaýdyp geldi, ol dördünji orny eýeledi.