Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada wise-premýer B. Amanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligi ýola goýlan dizel ýangyjy ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde hem-de howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir. Täze öndürilip başlanan motor ýagy awtomobillerde we beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar ýurdumyzyň içerki bazarlarynda hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Täze önümler hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar diýip, Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir