Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew Oba senagat toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek hem-de suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary ylmy taýdan öwrenmek we dikeltmek hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynda türkmen arçasy, dagdan we pisse agaçlarynyň hem-de aýratyn goralýan tebigy ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň seýrek we gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak boýunça goraghanalaryň ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet tebigy goraghanalarynda we döwlet tebigy çäkli goraghanalarynda ýabany haýwanlary, göçüp geçýän we ýurdumyzda gyşlaýan guşlary gorap saklamak hem-de seýrek duş gelýän ýabany haýwanlaryň sanyny hasaba almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutany wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ýurdumyzyň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir