2023-nji ýylda iň gowy Android ykjam goşundylary aýdyldy

Google Play-iň wise-prezidenti we baş direktory Sem Braýt Google Play Best of 2023 Awards baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Android üçin iň gowy programmalaryň sanawy Google Play resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.
ABŞ-da iň gowy programma wizual sapaklary bolan Imprint okuw programmasy: Learn Visually. Dürli enjamlar üçin iň oňat program...

Dowamy »

267 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Apple 2023-nji ýylyň iň gowy programmalaryny we oýunlaryny saýlady

Bu ýylky App Store Awards-yň ýeňijilerine 14 programma we oýun girdi, onuň sanawy Apple-iň web sahypasynda çap edildi. Bular ulanyjylara «döredijilik zehini we täze başdan geçirmeler dünýäsini açmaga, maşgalasy hem-de dostlary bilen wagtlaryny hoş geçirmäge» mümkinçilik berýän programmalar. Ýeňijiler App Store-nyň redaksiýasynyň topary tarapyndan “...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Iň gowy ekrany we ses ulgamy bolan noutbuk saýlandy

«Apple M3 Pro» çipi bolan «MacBook Pro 14» «DxOMark» tarapyndan synagdan geçirilip, iň gowy ekrany we ses ulgamy bolan noutbuk hökmünde ykrar edildi.
Synaglaryň dowamynda «DxOMark-yň» hünärmenleri noutbugyň ekranynyň, web-kamerasynyň we dinamikleriniň hilini barladylar. Şeýlelikde, «MacBook Pro 14» öz derejesinde iň gowy ekranlaryň biri bile...

Dowamy »

282 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Toyota Ýaponiýada täzelenen Land Cruiser 70 ulagyny tanyşdyrdy

«Toyota» korporasiýasy «Land Cruiser 70» kysymly ýolsuz ýer üçin niýetlenen awtoulagynyň (wnedorožnik) täzelenen nusgasyny tanyşdyrdy we modeli Ýaponiýanyň bazaryna gaýtaryp getirdi.
1984-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän bu awtoulag birnäçe täzeleniş bilen üpjün edildi. Hususan-da, oňa tegelek şekilli LED faralar oturdylyp başlandy we salo...

Dowamy »

264 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Netflix smartfonlar üçin niýetlenen GTA oýnuny çykarar

«Netflix» we «Take-Two» diňe onlaýn kinoteatryň abunaçylary üçin niýetlenen nusgawy «GTA» oýnunyň ykjam nusgalaryny çykarmak barada şertnama baglaşdylar. Bu barada «Netflix-iň» web sahypasynda habar berilýär.
14-nji dekabrdan başlap, akym hyzmatynyň abunaçylary ykjam enjamlarda «GTA III», «Vice City» we «San Andreas» oýunlarynyň kämilleşdiri...

Dowamy »

271 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Apple hususy 5G modemini döretmek pikirinden ýüz öwrer

«Apple» tehniki kynçylyklar sebäpli hususy 5G modemini işläp düzmek pikirinden ýüz öwrüp biler.
«Apple» kompaniýa 2019-njy ýylda «Intel-iň» modem işewürligini satyn aldy, ýöne hususy çipini bellenen möhletde çykaryp bilmedi. Bellenilmegine görä, «Apple-iň» modeminde aşa gyzmak we pes öndürijilik ýaly köp sanly tehniki kynçylyklar ýüze çykýar...

Dowamy »

271 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Chevrolet täzelenen Tahoe we Suburban ulaglaryny tanyşdyrdy

«Chevrolet» täzelenen «Tahoe» we «Suburban» kysymly ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglaryny (wnedoronik) tanyşdyrdy. Täze ulaglar Arlingtondaky (Tehas) «General Motors» zawodynda öndüriler. Olaryň satuwy 2024-nji ýylyň ahyrynda başlanar. Täzelenen ulaglaryň bahalary heniz yglan edilmedi.
Täzelenen «Tahoe» we «Suburban» ulaglarynyň dizaýny....

Dowamy »

329 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

2-nji dekabrda Gamburgda (Germaniýa) 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi.
24 topar dört sebede bölündi, şondan soň bije çekmek arkaly hersi dört topardan ybarat alty toparça kesgitlenildi.
A topar: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa.
B topar: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniý...

Dowamy »

310 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bitkoiniň bahasy 2022-nji ýylyň 4-nji maýyndan bäri ilkinji gezek 39 müň dollardan geçdi

Söwda sessiýasynda bitkoiniň bahasy 2022-nji ýylyň 4-nji maýyndan bäri ilkinji gezek 39 müň dollardan ýokary galdy. Muňa Coindesk platformasyndaky maglumatlar güwä geçýär.
Şeýlelik bilen, Aşgabat wagty bilen 00:10-a çenli alnan maglumatlara görä, bitkoiniň bahasy 1,92% ýokarlanyp, 39 425 dollara ýetdi.
Aşgabat wagty bilen 00:25-e çenl...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Klimatologlar şu gyşyň rekord derejede maýyl boljakdygyny çaklaýarlar. Ähtimallyk — 95%

Hytaýly klimatologlar 2023-2024-nji ýyllaryň gyş paslynyň Ýeriň ortaça temperaturasynyň iň ýokary rekordyny goýjakdygyny, soňky onýyllyklaryň dowamynda ortaça görkezijiden bir dereje Selsiýa ýokary boljakdygyny 95% ähtimallyk bilen anykladylar. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň metbugat gullugy geçen anna güni...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkiýede elektromobilleri öndürýän üçünji brend peýda boldy

Türkiýede täze Amperino awtoulag brendi we onuň ilkinji modeli — super ykjam C-100 elektrik heçbegi hödürlendi. Bu doly ýapyk kuzowly agyr kwadrisikl üç adama niýetlenendir. Indeksi Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasybetli saýlandy. Täze ulag 2025-nji ýylda yzygiderli öndürilip başlanar.
Amperinonyň gabarasy uzynlygyna, inine we beýik...

Dowamy »

283 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Windows 12-niň çykjak senesi belli boldy

Windows 12 operasion ulgamy 2024-nji ýylyň iýun aýynda çykar. Bu barada Commercial Times habar berýär.
Sene gaty ýerlikli görünýär, çünki bu okuwçylaryň mekdeplere we talyplaryň uniwersitetlere we aglaba işgärleriň dynç alyş rugsadyndan yzyna gaýdyp gelýändigi sebäpli islegiň diýseň ýokarlanýan döwri. Windows 11 hem iýun aýynyň ahyrynda hödü...

Dowamy »

262 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Nýukasl» de Hea bilen şertnama baglaşmagy maksat edinýär

«Nýukasl Ýunaýted» Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Nik Poupyň şikes almagy sebäpli «Mançester Ýunaýtediň» öňki derwezebany Dawid de Hea bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar.
2-nji dekabrda şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde «Mançester Ýunaýtede» garşy duşuşygyň dowamynda Poup egninden şikes...

Dowamy »

293 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji gezek medal gazandy

Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen Uly tuwulganyň “Tokyo Grand Slam-2023” ýaryşynda ilkinji gezek bürünç medala türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow eýe boldy.
Baýrak gaznasy 154 000 dollar bolan iki günlük ýaryş bäş yklymyň 84 ýurdundan 506 türgen (298 erkek we 208 zenan) ýygnady. Olar 14 medal toplumy ugrunda göreşdiler.
Türkmenistan...

Dowamy »

311 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Mercedes-Benz körpeleri hem ünsden düşürenok. Kompaniýa çaga kalýaskalaryny çykardy

Mercedes-Benz markasy we onuň Mercedes-AMG bölümi nemesleriň Hartan çaga kalýaskalaryny öndürijisi bilen hyzmatdaşlykda kalýaskalaryň täze seriýasyny hödürledi. Oňa All-Terrain, Avantgarde we Performance wersiýalary, şeýle hem AMG GT2-iň çäkli nusgadaky kalýaskalary girýär. Olaryň esasy özboluşly aýratynlygy “wegan” materialyndan bolmagydyr.
...

Dowamy »

251 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Microsoft iPhone üçin App Store-a meňzeş marketpleýs çykarmak isleýär

Apple Ýewropa Bileleşiginiň “Sanly bazarlar baradaky” kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirip, iPhone we iPad ulanyjylara başga bir çeşmelerden programma üpjünçiligini ýükläp almaga rugsat beren ýagdaýynda, Microsoft korporasiýasy iOS we iPadOS üçin hususy marketpleýsini döretmegi meýilleşdirýär. Onda iPhone we iPad üçin oýunlar hem goşundylar satylar...

Dowamy »

282 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Nýu-Ýorkda ýol dyknyşyklary üçin töleg girizilip bilner

Nýu-Ýork ABŞ-nyň dyknyşyklar üçin sürüjilere töleg girizjek ilkinji şäheri bolup biler. Report agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada The New York Times ýazýar.
Neşir Nýu-Ýorkyň Birleşen Ştatlaryň sürüjileriň has işjeň şäherlere girmek üçin töleg tölemäge mejbur boljak ilkinji şäheri bolup biljekdigini belleýär. Şeýle tejribe eýýäm käbir ý...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýaponiýa Marsa uçuşy 2024-nji ýyldan 2026-njy ýyla süýşürer

Ýaponiýa Marsy öwrenmek üçin hemra enjamynyň uçurylyşyny 2024-nji ýyldan 2026-njy ýyla süýşürmek kararyna geldi. Meýilnamalaryň üýtgemegi kosmos enjamyny uçurmak üçin ulanylmaly H3 raketa göterijisiniň näsazlyklary bilen baglanyşyklydyr. Ilkibaşda 2024-nji ýyla meýilleşdirilen Mars Moons Exploration (MMX) ýapon taslamasy zondy Marsyň hemralarynyň b...

Dowamy »

235 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Dünýäde akylly sagatlaryň bazary üçünji çärýekde 9% ýokarlandy

Akylly sagatlaryň global bazary 2023-nji ýylyň III çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9% ösüş görkezdi. Bu barada Counterpoint Research gözleg firmasynyň Global Smartwatch Model Tracker gözleginde habar berilýär. Akylly sagatlaryň üpjünçiligi II çärýekde ýokarlanyp başlady we bu tendensiýa şu ýylyň III çärýeginde saklandy. Ösüşe hytaý bazary...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Toyota 2026-njy ýyla çenli Ýewropada zyňyndy derejesi nol bolan 15 awtomobil modelini hödürlär

Toyota Motor 2026-njy ýyla çenli Ýewropada zyňyndy derejesi nol bolan ýeňil awtoulaglardan başlap, ýeňil ýük ulaglaryna çenli 15 sany awtomobil modelini hödürlär. Bu barada kompaniýanyň habaryna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
Şol wagta çenli Ýewropada Toyota elektromobilleriniň satuwynyň ýylda 250 müň birlikden, şeýle ulaglaryň umumy...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago