Şu ýyl satuwa çykjak HP personal kompýuterleriniň täze kategoriýasy ýöriteleşdirilen emeli aň çipleri bilen enjamlaşdyrylar. Bu barada HP-iň baş direktory Enrike Lores Bütindünýä ykdysady forumda aýtdy diýip, Inc. habar berýär. Lores: "Bu 20 ýyl mundan ozal oýlanyp tapylandan bäri kompýuter pudagynda bolup geçen iň uly üýtgeşmeleriň biri bolup biler" - diýdi. Mälim bolşy ýaly, emeli aň bilen işlemek mikroprosessorlardan köp energiýany talap edýär we häzirki programma üpjünçiliginiň köpüsi daş aralykdan, bulutda işleýär. Şeýle-de bolsa, täze kompýuterler ulanyjylara emeli aňy ýerli ýagdaýda işletmäge mümkinçilik berer. "Bu çykdajy, howpsuzlyk we tizlik nukdaýnazaryndan köp bähbitlidir" – diýip, Lores belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir