Toyota kompaniýasy Century markasy astynda ultra-lýuks awtoulag modellerini öndürmek kararyna geldi. Ol kaşaňlygy bilen tapawutlanjak brend hökmünde Lexus-dan has ýokarda durar diýip, Forbese salgylanýan IXBT.com habar berýär. Häzirlikçe täze hatarda diňe bir model - geçen ýyl ilkinji gezek çykan Toyota Century krossoweri bar. Geljekde ulaglardan esasy kompaniýanyň ady aýrylar. Toyota täze krossowerini ýöne Century we 1967-nji ýyldan bäri üç nesil çalşyran dört gapyly görnüşini bolsa Century Sedan diýip atlandyrar. Toyota kompaniýasynyň ýolbaşçysy täze Century krossoweriniň Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Aziýada we Amerikada desti sag hem-de çep tarapda ýerleşen görnüşlerinde hödürlenjekdigini we täze modeliň müşderilere öz ulaglaryny doly kastomizirlemäge mümkinçilik berýän köp sanly opsiýalary hödürlejekdigini tassyklady. Alyjylar bahasy takmynan 170 000 dollar töweregi bolan standart Century-ni ýa-da bahasy 220 000 dollar töweregi bolan GRMN wersiýasyny saýlap bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir