«Apple» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ortalarynda «iPhone» smartfonlaryna emeli aň girizer. Bu barada Financial Times (FT) habar berýär. Söhbetdeşlik geçirilen hünärmenleriň bellemegine görä, korporasiýa emeli aňy öwrenmek bilen meşgullanýan taslamalary we kompaniýalary köpçülikleýin satyn alýar. «Apple» 2017-nji ýyldan bäri emeli aň tehnologiýalaryny we gurallaryny işläp düzmek bilen ol ýa-da beýleki baglanyşygy bolan 21 kompaniýany satyn aldy. «Emeli aň ulgamynda ýaraglanyş ýaryşy dowam edýär we «Apple» oňa çetde durup seretmegi meýilleşdirmeýär» diýip, «Wedbush Securities» maýa goýum kompaniýasynyň analitigi Deniel Aýws belledi. «Morgan Stanley» kompaniýasynyň hünärmenleri emeli aňyň gönüden-göni «iPhone-a» birikdiriljekdigini bellediler we bu tehnologiýanyň peýda boljak wagtyny mälim etdiler. Şeýle funksiýalaryň ilkinjisi tomusda geçiriljek WWDC maslahatynda tanyşdyrylar, şeýle hem onuň dowamynda «iOS 18» görkeziler. «AI Pryon» korporatiw toparynyň ýerine ýetiriji müdiri Igor Ýablokowyň bellemegine görä, «Apple», mysal üçin, «Samsung» kompaniýasynyň tersine, emeli aň ulgamyndaky ösüşlerini görkezmäge howlukmaýar: «Ol bu tehnologiýanyň iň gowy nusgalarynyň birini hödürläp bilýänçä garaşýar». «SemiAnalysis» ýarymgeçirijiler boýunça konsalting firmasynyň analitigi Dilan Pateliň bellemegine görä, «Apple-iň» prosessorlary hem emeli aň bilen işlemäge gönükdirilendir. Şonuň üçin brendiň köne enjamlaryna hem emeli aň tehnologiýalaryny goşup bolýar.