Netflix Ýaponiýanyň Ponoc animasiýa studiýasy bilen onuň geljekki filmlerini görkezmek üçin şertnama baglaşýar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär we kompaniýanyň 2015-nji ýylda Studio Ghibli-niň öňki prodýuseri Ýosiaki Nisimura tarapyndan esaslandyrylandygyny belleýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Netflix-iň görkezjek ilkinji filmi şu ýyl Ýaponiýada eksklýuziw görkezilişden soň çykjak “Hyýaly dost” bolar. Animasiýa Netflix-iň uly üstünlik gazanan ugry boldy diýip, neşir belleýär. Gilýermo del Toronyň “Pinokkiosy” 2023-nji ýylda iň gowy animasion gysga metražly film üçin “Oskar” baýragyny aldy, baş keşpde Adam Sendler bilen “Leo” bolsa Netflix-iň häzire çenli iň uly animasion film çykyşy boldy we birnäçe hepde strimerleriň sanawynyň ilkinji onlugynda galdy. Şu hepde N.D.Stiwensonyň “Nimona” grafiki romanynyň adaptasiýasy iň gowy animasion film üçin “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Studiýanyň aýtmagyna görä, “Hyýaly dost” ýaş Amandanyň we onuň hyýaly ýoldaşy Radgeriň gözi bilen adamkärçiligiň we döredijiligiň çuňlugyny görkezýär. Olaryň üçekde başlanan fantastiki başdan geçirmeleri olaryň ozal görmedik jandarlaryň we ýerleriň jadyly dünýäsiniň açylmagyna alyp barýar, ýöne nähilidir bir ýaramaz güýç olaryň hyýaly dünýäsini we onuň içindäki dostlugy ýok etmek howpuny döredýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir