Milliarder Ilon Mask adamzadyň "2040-njy ýyllarda Ýer ýüzünde 1 milliard adampisint robotyň we 2060-njy ýyllarda bolsa tutuş Gün ulgamy boýunça 100 milliard robotyň boljakdygyna garaşmalydygy" baradaky çaklama bilen ylalaşdy. Bu çaklamany Midjourneýdäki emeli aň barlaghanasynyň esaslandyryjysy Dewid Holts aýtdy. X (öňki Twitter) sosial ulgamynda Mask, "siwilizasiýanyň esaslary durnukly bolan halatynda" şeýle geljegiň hakykat bolup biljekdigini aýtdy. Tesla Bot ady bilen hem tanalýan Tesla Optimus ilkinji gezek 2021-nji ýylyň awgust aýynda görkezildi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa Mask ahyrky netijede her biriniň bahasy 20 000 dollar töweregi boljak millionlarça Optimus robotyny öndürmäge umyt edýändigini aýdypdy. Häzirlikçe robotyň mümkinçilikleri gaty çäklidir. Şonda Mask: "Optimusy kämilleşdirmek üçin entek edilmeli işler kän" – diýipdi we " ýene 5 ýa-da 10 ýyldan ol hyýalymyza zarba urar" – diýip sözüniň üstüni ýetiripdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir