Demirgazyk Karolina ştatynyň Uniwersitetiniň (ABŞ) inženerleri mikroiňňeleri bolan çeýe elektron plastyr döretdiler, onuň kömegi bilen adam derisi arkaly zerur dermanlary agyrysyz kabul edip biler. Synag enjamyna «zerurlyk boýunça giňişlik-wagt plastyry» diýmegi aňladýan «Spatiotemporal On-Demand Patch» (SOP) ady berildi. Bu içinde dermanlar bolan kiçijik iňňeler bilen örtülen uly bolmadyk polimer plastinkadyr. Oňa basylanda iňňeler deriniň ýokarky gatlagyna agyrysyz sanjylýar. Iňňeler telefon ýa-da kompýuter arkaly işjeňleşdirilip bilner. Şeýlelik bilen, her bir adam tertibe laýyklykda, awtomatiki sanjymlar üçin enjamy programmirläp, özi üçin sazlap biler. Enjamdan signal alan plastyr zerur maddalary gyzdyrýar we 30 sekundyň içinde olary goýberýär. Bu enjam syçanlarda eýýäm üstünlikli synag edildi. Enjamyň kömegi bilen laboratoriýa syçanlaryna ukyny ýokarlandyrýan we berk ukyny üpjün edýän gormon bolan melatoniniň birnäçe dozasyny sanjym etmek başartdy. Taslamanyň awtorlary bir plastyrda onlarça, hatda ýüzlerçe doza dermanyň saklanyp biljekdigini bellediler. Alymlar bu enjamyň geljekde Alsgeýmer keselini we beýleki hroniki keselleri bejermekde ulanyljakdygyna umyt edýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir