Hiçden giç ýagşy

men şu wagt okadym Lebapdakylar, Marydakylar görüşende näme Aşgabatlylar görüşüp bilemizokmy men gurnajak adam barmy? öz nomeriňizi ýazyň ýada 61344945 belgä jaň ediň täze ýyldan öň gurnaly. hany sesleneliň!!!!

Dowamy »

889 8
Sorag-jogap, 3 years ago


FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi

FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi
FIFA-nyň metbugat gullugy 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilen üç oýunçynyň adyny yglan etdi. Ýeňiji şu oýunçylaryň biri bolar: Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”), Robert Lewandowski (“Bawariýa”) we Lionel Messi (“Barselona”). Bu barada sports.ru ha...

Dowamy »

1006 2
Sport, 3 years ago


Fergýuson UFC-de yzygider ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy

Fergýuson UFC-de yzygider ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy
UFC-niň amerikaly söweşijisi Toni Fergýuson 13-nji dekabrda braziliýaly Çarlz Oliweýradan ýeňildi. Bu barada UFC-niň Twitter akkauntyna salgylanyp, iz.ru habar berýär.

Türgenleriň arasyndaky söweş Las-Wegasda geçirilen şouwyň esasy wakasyna öwrüldi. Üç raundyň jemi b...

Dowamy »

934 1
Sport, 3 years ago


Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty: Meredow, Rejebow, Annaberdiýew we Toýçyýew hem çempion!

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty: Meredow, Rejebow, Annaberdiýew we Toýçyýew hem çempion!
Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik zalynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy....

Dowamy »

947 0
Sport, 3 years ago


“Romanyň” türgenleşik bazasynda Ikinji jahan urşundan galan snarýadlar tapyldy

“Romanyň” türgenleşik bazasynda Ikinji jahan urşundan galan snarýadlar tapyldy
“Romanyň” türgenleşik bazasynda Ikinji jahan urşundan bäri ýarylman galan snarýadlar tapyldy diýlip, italýan futbol klubynyň Twitter sahypasynda habar berilýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Bular ýaly waka her gün bolup duranok... Trigoriýadaky bazam...

Dowamy »

837 0
Bilim, 3 years ago


Maýk Taýson — Roý Jons söweşiniň netijesi

Maýk Taýson — Roý Jons söweşiniň netijesi
Boks boýunça dünýäniň ozalky çempionlary Maýk Taýson bilen Roý Jonsuň arasyndaky söweş deňme-deň tamamlandy.

Söweş iki minutdan sekiz raund dowam etdi. Söweşi düzgünleşdiriji Kaliforniýa ştatynyň Atletika komissiýasynyň kararyna laýyklykda, söweşde nokautlar gadagan edildi. Şeýle-de, s...

Dowamy »

985 1
Sport, 3 years ago


Giç bolar.

Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Gowa gowy diỳiň entäk dirika!
Gerek ỳerde ỳyly bir söz güỳç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň!
Kim bilip dur, bir aỳdan soň giç bolar.

...

Dowamy »

1091 1
Edebiýat, 3 years ago


Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi

Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi
Lebap welaýatynyň Saýat şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy Hemra Babaýew bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar bolan hyýar ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär. Bu barada Jeyhun news habar berýär.

Hemra Babaýew etra...

Dowamy »

1181 3
Bilim, 3 years ago


Maýk Taýson – Roý Jons söweşini Ren TW teleýaýlymy görkezer

Maýk Taýson – Roý Jons söweşini Ren TW teleýaýlymy görkezer
REN TW teleýaýlymy professional boksuň ägirtleri bolan ýokary agyr agramda boks boýunça dünýäniň ozalky absolýut çempiony Maýk Taýson bilen bäş agram derejesinde dünýäniň eks-çempiony Roý Jonsuň söweşini göni ýaýlymda görkezer. Bu barada amp.championat.com habar berýär.

Dowamy »

1061 1
Täzelikler, 3 years ago


Jo Baýden heniz ABŞ-nyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny alyp bilmez

Jo Baýden heniz ABŞ-nyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny alyp bilmez
Jo Baýden ABŞ-nyň Umumy hyzmatlar edarasy (GSA) tarapyndan karar kabul edilýänçä, prezident wezipesine resmi taýdan girişip bilmez. Şeýle beýanat bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID, Döwlet departamentiniň bir bölegi) başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirij...

Dowamy »

965 1
Täzelikler, 3 years ago


12 - den

Aýlar üstümizden görünmän geçsin
Goý günlerem galdyrmasyn başyny
Ýyllar yssysyndan eýlesin mahrum
Goý pasyllar eçilmesin gyşyny

Rugsat ber gijeler aýyň bolaýyn
Nurym bilen gujaklaýyn günlerňi
Yssy mähir paýlaýyn men ömrüňe
Seçeýin üstüňden gyşda güllermi

Goý kynçylyk labyryny...

Dowamy »

930 0
Edebiýat, 3 years ago


Täze jaýlar Aşgabada görk berýär

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda 16 sany ýaşaýyş jaýy açyldy
Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup, ulanmaga berlen durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy...

Dowamy »

974 0
Täzelikler, 3 years ago


«Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Aşgabatda täze «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezi peýda boldy
Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezi bina edildi. 3,8 gektar meýdany eýeleýän 43 müň 560 inedördül metr ýerde 3 gatly bina guruldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, söwda-dynç alyş merkezinde jemgyýetçili...

Dowamy »

944 0
Bilim, 3 years ago


Iň köp girdeji gazanan aktrisalar

Iň köp girdeji gazanan aktrisalar
Dünýä belli “Forbes” žurnaly ýylyň iň köp girdeji gazanan aktrisalarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda 1-nji orny meşhur komediýaçylaryň biri Sofiýa Wergara eýeledi. Belli aktrisa soňky 12 aýyň dowamynda 43 million dollarlyk girdeji gazandy. 2-nji orunda oskarly ýyldyz aktrisa Anjelina Joli bolup, ol 35,5 mil...

Dowamy »

1528 0
Bilim, 3 years ago


Alymlar E witamininiň täsin roly barada gürrüň berdiler

Alymlar E witamininiň täsin roly barada gürrüň berdiler
Oregon ştatyndaky Uniwersitetiň (ABŞ) biologlary E witaminiň düwünçek ösüşiniň başlangyç döwründe beýniniň we nerw ulgamynyň emele gelmeginde möhüm rol oýnaýandygyny subut etdiler. Barlaglaryň netijeleri “Scientific Reports” ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.<...

Dowamy »

1087 1
Bilim, 3 years ago


GARASöýMEZ äPET

Erteki
Her gün öýlän çagalar mekdepden dolanyp gelýärkäler Äpet adamyň
bagyna girip oýnaýardylar. Ol içi ýumşak ýaşyl begres otly uly
ajaýyp bagdy. Ol ýerde otuň arasynda owadan güller ýyldyzlar ýaly ak
patrak bolşup açylyp otyrdy. Bagda on iki düýp şetdaly bolup, bahar
paslynda gülgün we sadap güllere bürelip, gü...

Dowamy »

1170 1
Edebiýat, 4 years ago


çilimden daşda boluň

Halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, zyýanly endiklerden daşlaşdyrmak we ruhy taydan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwletimizde durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda iň möhüm mesele bolup duryar. Şol maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň biri-de temmäkä garşy göreşdir. Çilim çekmek ýaramaz endik bolup, aýratyn hem ýaş...

Dowamy »

1222 1
Sport, 4 years ago


SEN ÇÖlÜŇ

Pasly baharlarda seýrana gitsek,
Tükenmez ýollaryň bardyr, sen çölüň!
Üstüňde ýaýlaýyp myrada ýetsek,
Lälezar gülleriň bardyr, sen çölüň!

Däli köňül istär niçe höwesi,
Çykyp seýran etsek belendi-pesi,
Saýlardan eşdiler tüpeňiň sesi,
Höwesli allaryň bardyr, sen çölüň!

Ýagşy-ýama...

Dowamy »

1270 1
Edebiýat, 4 years ago


şorta sözler kemineden

göçe-göçlük
Keminäniň oturan obasy bir ýana göçmekçi bolýar. Iller göçüşip,
gidişip barýar, bularyň mallary bolmansoň, ýurtda ýeke galyp barýarlar.
Soň Kemine bir tanşyndan iki sany bugurçy düýe diläp getirýär.
Keminäniň mollada okaýan iki ogly bar eken. Olar hem beýleki
mollalar ýaly düýä ýük urmagy hem bilmeýär...

Dowamy »

1193 1
Edebiýat, 4 years ago


Orazym

Günbe-günden hyruç edip özüňden,
Ganym31 sary atlanar sen, Orazym.
Bir Hudanyň beren ülüş-paýyndan,
Her söweşde, jeňde bar sen, Orazym.

Ulus iliň arkasy sen, ardy sen,
Goçagyň goçy sen, goçuň merdi sen,
Dagda – peleň, jülgeleriň gurdy sen,
Duşman görseň, etin iýr sen, Orazym.

D...

Dowamy »

1013 3
Edebiýat, 4 years ago


çakylyk. 12-niň goşgylaryndan

Getirmändi bu zemine, Tüweleýläp gelen şemal,
Bagt diläp her demine, getiripdi gözel zenan,
Sözlerini diňläp siňe, sözlerinden tapdym kemal,
Buýsanç saýýan men özüme, baş egýärin bü gün ýene,
Ady meşhur ýer ýüzüne, onuň ady mährem ene.


Asman meni götermändi, dokuz aýlap jan içinde,
Toprak...

Dowamy »

977 1
Edebiýat, 4 years ago


12-niň goşglaryndan

ýalňyz höwürtgede ýalňyz guşjagaz
örtenýär, gynanýar bir ýalňyz özi.
sözlerinde üýtgeşik bir many bar,
gussadan gamlanyp, ýaşlanýar gözi.

unudylan höwürtgede ýalňyz ol,
unydypdyr onuň, öňki ezizi.
düýünki eziziň bu gün duşmandyr,
senem bolsa dünýäniň, iň ejizi.

bagytsyz edene,...

Dowamy »

1096 3
Edebiýat, 4 years ago


Hikmetli gürrüň

Hikmetli gürrüň

Bir adam Hezreti Alynyň öýüniň gapysyny kakyp dileg edýär. Hezreti Aly ýanynda oýnap ýören iki ogluna:
— Baryň, ejeňizdäki alty dirhemi getiriň — diýýär.

Hezreti Alynyň sözlerini eşiden Patma:
— Ol puly un satyn almak üçin goýduk ahyryn — diýýär.

Hezreti Aly:
— Allata...

Dowamy »

1319 6
Edebiýat, 4 years ago


Çaganyň pikirlenişini ösdürmäge kömek edýän 20 sorag

Çaganyň pikirlenişini ösdürmäge kömek edýän 20 sorag
Köplenç ene-atalar öz çagalary bilen wagt geçirmek üçin ne-hä ýeterlik wagt, ne-de ýeterlik güýç tapyp bilýärler. Şol bir wagtyň özünde, çaga ýaňy bir üme düşüp başlanda, onuň bu prosesden lezzet almagy, hyýal ýüwürdip bilmegi, söhbetdeşiniň oýun-henegine düşünmegi we özünde hem şeýle duýg...

Dowamy »

1261 1
Bilim, 4 years ago


Messi bilen Ronaldu UEFA-da möwsümiň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärleriň üçlüginde ýok

Messi bilen Ronaldu UEFA-da möwsümiň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärleriň üçlüginde ýok
UEFA-nyň wersiýasy boýunça, 2019/20-möwsümiň iň gowy futbolçysy baýragyna Kewin De Breýne (“Mançester Siti”), Manuel Noýer (“Bawariýa”) we Robert Lewandowski (“Bawariýa”) dalaş edýär. Ýeňiji 1-nji oktýabrda yglan ediler.

Gysga sanaw 2...

Dowamy »

1221 0
Sport, 4 years ago