Aýlar üstümizden görünmän geçsin
Goý günlerem galdyrmasyn başyny
Ýyllar yssysyndan eýlesin mahrum
Goý pasyllar eçilmesin gyşyny

Rugsat ber gijeler aýyň bolaýyn
Nurym bilen gujaklaýyn günlerňi
Yssy mähir paýlaýyn men ömrüňe
Seçeýin üstüňden gyşda güllermi

Goý kynçylyk labyryny taşlasyn
Goý külpetler gelsin yzly yzyna
Biz çekeris näçe bolsa hupbaty
Dert bermese besdir ogul gyzyma

Näçe namartlygyň bolsa görkez sen
Ýarym bilen çekeris biz aglaman
Dünýä gelen perzentlerde günä ýok
Ýaşat olaň ykbalyny aldaman.

Nadan pelek diňe saňa ýüzlenýän
Sen bize beriwer gussadan paýy
Namartlyk etme birje haýyşym
Gyz oglumdan gysganmagyn abraýy.

telbe

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir