Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty: Meredow, Rejebow, Annaberdiýew we Toýçyýew hem çempion!
Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik zalynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy.

Çempionatda zenanlaryň arasynda Ýulduz Jumabaýewanyň 49, Kristina Şermetowanyň 55, Polina Gurýewanyň 64, Gülnabat Kadyrowanyň 76 kilograma çenli agram derejesinde ýurdumyzyň çempiony bolandygyny eýýäm habar beripdik. Şeýle hem erkekleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde Seýitjan Mirzaýewiň, 67 kilogramda Ýazmämmet Annalyýewiň altyn medal gazanandygyny dykgatyňyza ýetiripdik.

Erkekleriň arasynda 73 kilogram agramda geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maksat Meredow bilen Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Gaýgysyz Töräýewiň arasyndaky duşuşyk çekeleşikli boldy. Çempion bolmagy öňlerinde maksat edip goýan türgenler biri-birinden köp agyrlygy götermekde yhlaslaryny, güýçlerini gaýgyrmadylar. Maksadyna ýeten Maksat Meredow garşydaşlaryndan ynamly arany açyp, 295 kilogram netijäni görkezip, birinji orna, Gaýgysyz Töräýew bolsa 283 kilogramda ikinji orna mynasyp bolmagy başardy.

81 kilogram agramda öz güýçlerini synan türgenleriň arasynda öňdäki üç orny eýelän agyr atletikaçylaryň her biriniň görkezen netijeleriniň aratapawudy 8 kilograma deň. Aşgabat şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi, ussat türgen milli hem-de halkara ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisi Rejepbaý Rejepow 320, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Şatlyk Şöhradow 312, Dawid Gulýan bolsa 304 kilogram netije bilen hormat münberine çykmagy başardylar.

Ýurdumyzda sport ussatlaryny taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň başarjaň talyplarynyň açyk çempionatda görkezen netijeleri juda ýokary. Gyzlaryň hem-de oglanlaryň arasynda ýeňiji bolan türgenleriň agramly bölegi bu bilim ojagynyň talyplary. Erkekleriň arasynda 96 kilogram agramda geçirilen ýaryşda hem birinji orny eýelän bu ýokary okuw mekdebiniň talyby Rüstem Annaberdiýewdir. Talyp ýoldaşlarynyň gazanan üstünligine öz mynasyp goşandyny — altyn medaly goşan türgeniň görkezen netijesi 340 kilograma deň boldy. Belläp geçsek, 96 kilogramda öňdäki üçlügi eýelän türgenleriň görkezen netijeleriniň arasynda uly bir tapawut ýok. Altyn medally Rüstem ýaryşy 340 kilogramda tamamlan bolsa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň sport rotasynyň tälimçisi Daýanç Aşyrow 337 kilogram, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň agyr atletika sport mekdebiniň tälimçisi Izzatbek Meredow bolsa 335 kilogram agramda çempionaty tamamladylar.

Ussat tälimçi Ikram Matkarimowyň şägirtleri ýurdumyzyň açyk çempionatynda öz başarnyklaryny görkezip, halypalarynyň ynamyny ödemegi başardylar. Olardan Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi, ussat türgen Hojamuhammet Toýçyýew 380 kilogram netije bilen ýaryşy birinji orunda tamamlamagy başardy. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger Öwez Öwezow 366 kilogram bilen ikinji orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Çary Annanazarow bolsa 331 kilogram agram bilen üçünji orna mynasyp bolmagy başardy.

Agyr atletika boýunça baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen ýurdumyzyň açyk çempionatynda ýeňiji bolan türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr medallar, kuboklar, şeýle-de ýaryşyň hemaýatkäri tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sport, 12 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir