Messi bilen Ronaldu UEFA-da möwsümiň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärleriň üçlüginde ýok
UEFA-nyň wersiýasy boýunça, 2019/20-möwsümiň iň gowy futbolçysy baýragyna Kewin De Breýne (“Mançester Siti”), Manuel Noýer (“Bawariýa”) we Robert Lewandowski (“Bawariýa”) dalaş edýär. Ýeňiji 1-nji oktýabrda yglan ediler.

Gysga sanaw 2019/20-Çempionlar ligasynyň toparçasyna (32) we 2019/20-Ýewropa ligasyna (48) gatnaşyjy klublardan 80 tälimçiniň, şeýle-de UEFA-nyň ähli assosiasiýasyndan 55 žurnalistiň gatnaşmagyndan ybarat bolan eminler tarapyndan düzüldi. Emin agzalary ilkinji üçlügini belli etdiler. Birinji orna bäş bal, ikinji orna üç, üçünji orna bir bal berildi. Tälimçiler öz toparlaryndan futbolistlere ses berip bilmediler.
Onluga şular hem girdi:

4-5. Lionel Messi (“Barselona”) – 53 utuk;
4-5. Neýmar (“Pari Sen-Žermen”) – 53 utuk;
6. Tomas Mýuller (“Bawariýa”) – 41 utuk;
7. Kilian Mbappe (“Pari Sen-Žermen”) – 39 utuk;
8. Týago Alkantara (“Bawariýa”) – 27 utuk;
9. Ýozua Kimmih (“Bawariýa”) – 26 utuk; 10. Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”) – 25 utuk.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir