FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi
FIFA-nyň metbugat gullugy 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilen üç oýunçynyň adyny yglan etdi. Ýeňiji şu oýunçylaryň biri bolar: Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”), Robert Lewandowski (“Bawariýa”) we Lionel Messi (“Barselona”). Bu barada sports.ru habar berýär.

Ýatlap geçsek, geçen ýyl baýrak Ronaldudan we “Liwerpulyň” goragçysy Wirjil Wan Deýkden öňe geçen argentinaly oýunça gowşuryldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy 17-nji dekabrda geçiriler.
Şeýle-de, FIFA ýylyň iň gowy tälimçisine gowşurylýan “The Best” baýragyna dalaşgär üç hünärmeniň sanawyny neşir etdi. Finala çykanlar Marselo Býelsa (Argentina, “Lids”), Hans-Diter Flik (Germaniýa, “Bawariýa”) we Ýurgen Klopp (Germaniýa, “Liwerpul”) boldy.
Ýylyň iň gowy derwezebanyna gowşurylýan “The Best” baýragyna dalaşgär oýunçylaryň jemleýji sanawyna Manuel Noýer (Germaniýa, “Bawariýa”), Alisson (Braziliýa, “Liwerpul”) we Ýan Oblak (Sloweniýa, “Atletiko”) girdi.
2020-nji ýylyň iň gowy goly üçin Ferens Puşkaş baýragyna dalaşgärleriň üçlügine “Atletikonyň” hüjümçisi Luis Suares, “Tottenhemiň” ýarym goragçysy Son Hyn Min, “Flamengonyň” hawbeki Jorjian de Arraskaeta girdi.

Sport, 12 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir