Halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, zyýanly endiklerden daşlaşdyrmak we ruhy taydan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwletimizde durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda iň möhüm mesele bolup duryar. Şol maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň biri-de temmäkä garşy göreşdir. Çilim çekmek ýaramaz endik bolup, aýratyn hem ýaş bedeniň saglyk ýagdaýyna örän zyýanly täsir edýär. Şol sebapden ýurdumyzda ilaty temmäki tüssesinden azat etmek, adamlaryň saglygyny onuň zyýanly tasirinden goramak ugrunda uly işler alnyp baryldy we häzirki döwürde hem yzygiderli dowam etdirilýär.
Rayatlarymyzy temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagyndan gorap saklamak üçin giň gerimli wagyz - nesihat işleri, ylmy - amaly maslahatlar geçirilýär, gazet - žurnallarda bolsa dürli makalalar yzygiderli çap edilýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi rayatlarymyzyň saglygyna baglydyr. Adamyň saglygyna howp salýan temmäki önümleri keselleriň döremeginiň esasy sebäpleri bolup durýar. Temmäki tüssesiniň çilim çekýän adamdan başlap, daş-töweregindäkilere, geljekki nesliň saglygyna ýetirýän täsiri bimöçberdir. Ýurdumyzda temmäki önümlerine garaşlylykdan ejir çekýän raýatlarymyz üçin welaýatlarda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hereket edýän saglygy goraýyş merkezlerinde çilimden daşlaşmak isleýän rayatlarymyza diňe bejergiler däl, eýsem sonuň bilen birlikde, degişli wagyz-nesihat işleri hem geçirilýär. Döwletimiz tarapyndan şeýle işler alnyp barylýan döwürde ýurdumyzyň her bir rayaty öz saglygyny goramaga, Türkmenistanyň kanunçylygyny berjay etmäge, şeýle hem öz çagalarynda, deň-duşlarynda, dost-ýarlarynda temmäki önümlerini ulanmaga inkär ediji garaýyşlary döretmäge we olaryň temmäki önümlerini ulanmaklaryna yol berilmezligi üçin alada etmäge borçludyr.

Sport, 12 tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir