Pasly baharlarda seýrana gitsek,
Tükenmez ýollaryň bardyr, sen çölüň!
Üstüňde ýaýlaýyp myrada ýetsek,
Lälezar gülleriň bardyr, sen çölüň!

Däli köňül istär niçe höwesi,
Çykyp seýran etsek belendi-pesi,
Saýlardan eşdiler tüpeňiň sesi,
Höwesli allaryň bardyr, sen çölüň!

Ýagşy-ýaman eder üstünden güzer,
Awçylar gitmäge hyýallar düzer,
Üstüňde marallar, keýikler gezer,
Garagöz mallaryň bardyr, sen çölüň!

Bahar wagty keýpli sen dünýäde,
Seniň mähriň özgelerden zyýada,
Üstüňde bir niçe gezdik pyýada,
Ýüz müň hyýallaryň bardyr, sen çölüň!

Çöle çyksa mergen, uly heň bolar,
Aw oňmasa awçy haly teň bolar,
Yrsaraşyp, bir-birine jeň bolar,
Muşakgat hallaryň bardyr, sen çölüň!

Dünýede süreli köňül hoşuny,
Maral görse, mergen ýitir huşuny,
Awa ýorar herne gören düýşüni,
Garaly hallaryň bardyr, sen çölüň!

Seýdi diýer, yşkyň jana ýetir sen,
Aldap niçe awçylary ötir sen,
Bahar bolsa, il paýyny getir sen,
Çarwadar illeriň bardyr, sen çölüň!

Seýitnazar Seýdi

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir