Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda 16 sany ýaşaýyş jaýy açyldy
Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup, ulanmaga berlen durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 16-njy tapgyr desgalaryň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-y hem-de 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi.
Şeýle hem umumy uzynlygy 5 kilometre (5640 metre) deň bolan täze ýollar çekildi. Olar zerur tehniki serişdeler bilen üpjün edilip, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edildi. Aýlawly awtomobil ýolunyň çatrygyny bolsa türkmen Alabaýynyň ýadygärlik binasy bezeýär.
Şeýle hem şäheriň bu böleginde iň häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän “Gülzemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.
Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şol sanda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça köp gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy.
Belläp geçsek, bu taslamalaryň ählisi diýen ýaly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan guruldy.

Täzelikler, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir