Iň köp girdeji gazanan aktrisalar
Dünýä belli “Forbes” žurnaly ýylyň iň köp girdeji gazanan aktrisalarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda 1-nji orny meşhur komediýaçylaryň biri Sofiýa Wergara eýeledi. Belli aktrisa soňky 12 aýyň dowamynda 43 million dollarlyk girdeji gazandy. 2-nji orunda oskarly ýyldyz aktrisa Anjelina Joli bolup, ol 35,5 million dollarlyk girdejä eýe boldy. “Wonder Woman” filminiň baş keşbini janlandyrýan Gal Gadot 31,5 million dollarlyk gazanjy bilen 3-nji ýeri eýeledi. Komediýaly Melissa MakKarti 25 million dollar gazanyp, sanawda 4-nji ýere mynasyp boldy. Ondan 1 million dollar az gazanan Meril Strip 5-nji, Emili Blant 6-njy (22,5 million dollar), Nikol Kidman 7-nji (22 million dollar), Ellen Pompeo 8-nji (19 million dollar), Elizabet Moss 9-njy (16 million dollar) hem-de Wiola Dewis 10-njy orny (15,5 million dollar) eýeledi.

Bilim, 12 tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir