Fergýuson UFC-de yzygider ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy
UFC-niň amerikaly söweşijisi Toni Fergýuson 13-nji dekabrda braziliýaly Çarlz Oliweýradan ýeňildi. Bu barada UFC-niň Twitter akkauntyna salgylanyp, iz.ru habar berýär.

Türgenleriň arasyndaky söweş Las-Wegasda geçirilen şouwyň esasy wakasyna öwrüldi. Üç raundyň jemi boýunça eminleriň üçüsi hem 30:26 hasap bilen Oliweýrany güýçli diýip ykrar etdiler. Fergýuson üçin bu promouşeniň çäginde yzygiderli ikinji ýeňliş boldy.
Söweşden soň Oliweýra ýanwar aýynda Konor Makgregoryň Dastin Porýe bilen, özüniň hem bu söweşiň ýeňijisi bilen söweşjekdigini aýtdy. Ýeňil diwizionyň reýtinginde ýedinji orny eýeleýän braziliýaly sekizinji söweşinde yzygider ýeňiş gazandy. 31 ýaşly türgeniň hasabynda 30 ýeňiş, sekiz ýeňliş we netijesiz bir söweş bar.
Geçen söweşinde Fergýuson 9-njy maýda Jastin Getjiden ýeňildi we russiýaly Habib Nurmagomedow bilen söweşmek mümkinçiligini elden gidirdi. MMA-daky karýerasynda 36 ýaşly amerikaly söweşijiniň hasabynda 25 ýeňiş bilen 5 ýeňliş bar.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir