göçe-göçlük
Keminäniň oturan obasy bir ýana göçmekçi bolýar. Iller göçüşip,
gidişip barýar, bularyň mallary bolmansoň, ýurtda ýeke galyp barýarlar.
Soň Kemine bir tanşyndan iki sany bugurçy düýe diläp getirýär.
Keminäniň mollada okaýan iki ogly bar eken. Olar hem beýleki
mollalar ýaly düýä ýük urmagy hem bilmeýär ekenler. Keminäniň
olara gahary gelip, töweregindäki adamlara:
– A-how, adamlar, bir daýhan ogul berene iki sany molla ogul berjek!
– diýip gygyrýar.


Bize-de gelerdi
Kemine bir gün ýadap öýüne gelýär. Görse aýaly öýde ýok. Şol
wagt goňşularynyň öýüniň kölegesinde üýşüp oturan adamlaryň
ýanyna baryp:
– A-how, adamlar, iller meniň aýalyma gezegen diýýärler weli, şol
bir ugursyz gürrüň. Ol şeýle gezegen bolsa, biziň öýümize-de gelerdi
ahyryn! – diýip gülüşdirýär.


Elimiň boş wagty
Kemine bir gün şol soňky aýalyna käýäp otyr eken. Goňşulary:
– Ýeri, molla Kemine, bu pahyryň näme ýazygy bar? – diýip soraýarlar.
Onda Kemine:
– Aý, adamlar, şu aýal ertir suwa gidende, küýzäni döwäýmesin
diýip käýinýärin. Soň ýa bu tapylmaz, ýa men öýde bolman. Şu wagt
bir duşuşylan we elimiň boşrak wagty munuň gulagyna guýýaryn –
diýip, jogap beren.

Kemine

Edebiýat, 12 tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir