ÝAGŞYLYGA ÝAR BOLSAŇ...

Edebi mirasymyz ruhy gymmatlyklarymyzy, halkymyzyň oňyn ýörelgelerini şu günümize ornaşdyrmakda möhüm çeşme bolup durýar. Müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelen milli medeni, ahlak gymmatlyklarymyzyň halkymyzyň baý ruhy dünýäsinden we akyl-paýhasyndan gözbaş alyp, bu gymmatlyklaryň ýokary aň-düşünjeli, ruhy-ahlak taýdan öse...

Dowamy »

1319 0
Köneler, 7 years ago


ASTANABABA TÜRBESI



(XII-XVII asyrlar) (Lebap welayaty)

Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi diýip hem atlandyrýarlar. Bu mazar hakynda birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär : “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly...

Dowamy »

1412 0
Köneler, 8 years ago


ALAMBERDARYŇ TÜRBESI

(XI asyr)

Atamyrat (Kerki) şäherinden 12 kilometrlikde Muitasiriň türbesi ýerleşýär. Ýerli ilat ony Alamberdaryň ýa-da Alamdar tugçynyň - “baýdak göterijiniň” mazary diýip atlandyrýar. Rowaýata görä ol halyf Alynyň harby serkerdesi bolupdyr. Rowaýatda şeýle diýilýär : “Bir gezek Alamberdaryň nökerleri çölde suwsuzlykdan horlanypdyr....

Dowamy »

1317 0
Köneler, 8 years ago


HOJA ÝUSUP HAMEDANY METJIDI

(XVI asyr)

Isgendergalanyň demirgazyk okunyň golaýynda ýerleşýän Ýusup Hemedanynyň metjidi umumy häsiýeti boýunça ashablaryň guburhanasyna gelip birigýär. Ýusup Hemedanynyň metjidiniň anasmbly mawzoleýiň, metjidiň we ýaşaýyş jaýlarynyň dürli wagtlarda gurlan toparyndan ybaratdyr. Dört gapdaly arka görnüşinde çig kerpiçden egmek edili...

Dowamy »

1619 1
Köneler, 8 years ago


Ylmyň we yşkyň şuglasy

Türkmen halkynyň taryhy, medeni, edebi miraslaryna nazar aýlasaň, nusgawy şahyrlarymyzyň umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşandyklaryna göz ýetirmek kyn däl. Halkyň taryhy edebi eserlerde, bagşylaryň aýdymlarynda has aýdyň beýanyny tapypdyr. Muny meşhur nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalybyň döredijiligi bütin aýdyňlygy bilen görkezýä...

Dowamy »

1995 0
Köneler, 8 years ago


ASHABLARYŇ (SAHABALARYŇ) GUBURHANALARY

(XV asyr)

Sahabalar (ashablar) ýagny Muhammet pygamberiň ýoldaşlary we “baýdak göterijileri” Al-Hekim ibn Amr al-Gifary we Bureýda ibn al-Huseýb al-Aslamy - yslamy ündemek maksady bilen Mara gelipdirler. Olar arap halypalygynyň Merwdäki ýeňişlerinden soňra bu ýerde hökümdarlyk edip, ençeme ýyl ýaşaýarlar hem-de adamlary yslama uýdurm...

Dowamy »

1342 0
Köneler, 8 years ago


MUHAMMET ibn-ZEÝDIŇ KÜMMETI

Mary welayaty

(XI asyr)

Köp ýyllaryň dowamynda il-halkyň dilinde ymam Muhammet Hanapyýa ýa-da ymam Japar Sadyk diýlip tanalan bu kümmet Soltangaladan bir km. ýaly günbatarda ýerleşýär. 1959-njy ýyla çenli Muhammet Hanapyýanyň kümmeti diýlip ýalňyş düşündirilen, emma Muhammet ibn-Zeýdiň kümmeti bolan bu bina XI asyryň b...

Dowamy »

1257 0
Köneler, 8 years ago


GADYMY BUZHANA (SARDOBA)

(XV asyr)

Mongollaryň talaňçylygyndan soň Maryda XV asyrda Abdyllahangalanyň ýykyndylarynyň häzirki ýerleşýän ýerinde ýaşaýyş täzeden janlanyp ugrapdyr. Şol wagtyň çig kerpiçden gurlan desgalaryndan öz planynda tegelek, üsti konus şekilli ýapylan, Abdyllahangalanyň demirgazygynda ýerleşýän iki sany desgany tapawutlandyrmak bolar. Bul...

Dowamy »

1384 0
Köneler, 8 years ago


TALHATANBABA METJIDI

(XII asyr)

Talhatanbaba metjidi Marydan Baýramala gidýän ýoluň ugrundaky gadymy gonamçylykda, Soltangalanyň 30 km günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ýadygärligiň gymmatlylygy onuň arhitekturasynyň arassa we oňat saklanandygyndan ybarardyr.

Metjit birneme uzaldylan desga bolup (18 X 10 metr), onuň gümmeziniň dik aşagyndaky...

Dowamy »

1454 0
Köneler, 8 years ago


ULY GYZGALA we KIÇI GYZGALA

(VI-VII asyrlar)

Soltangalanyň günbatarynda, gadymy Hurmuzfarra kanalynyň sag kenarynda ýerleşip, Gyzlar köşgi hem-de Ýigitler köşgi atlar bilen tnalýan taruhy ýadygärlikler Merwiň şäher eteklerindäki VI-VII asyrlara degişli bolan seýrek binalaryň galyndylarydyr. Olara Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala hem diýilýär.

Rowaýata...

Dowamy »

1425 0
Köneler, 8 years ago


TÄZE MERWIŇ GALALARY

1221-nji ýylda Çingiz hanyň leşgerleriniň weýrançylykly çozuşlaryndan soňra birwagtlarky gülläp ösen Merw ülkesi harabaçylyga öwrülýär. Merwiň mongol çozuşlaryndan öňki ýadygärlikleri gadymy ýa-da Köne Merw ady bilen mälimdir. Täze Merw diýen at bolsa ilkinji gezek XV asyryň birinji onýyllygynda Teýmir leňiň ogly Şahruh bilen bagly tarayha girýär....

Dowamy »

1353 0
Köneler, 8 years ago


GADYMY MERWIŇ GALALARY

a) Erkgala

Erkgala göwrümi boýunça gadymy Merw şäheriniň ulgamyna girýän galalaryň iň kiçisi bolsa-da, ýaşy boýunça iň ulusy, belentligi boýunça hem iň beýigidir. Onuň tutýan meýdany bary-ýogy 20 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ol gala däl-de, dagyň çykmasy kyn baýyrlaryna çalym edýär. Onuň saklanyp galan beýikligi ortaça 25-28 me...

Dowamy »

1388 0
Köneler, 8 years ago


ÝARTYGÜMMEZ KÜMMETI

( XI asyr)

Sarahs harabaçylygynyň 7-8 kilometrlik günorta we günorat-gündogar tarapynda gaty weýran bolan Ýartygümmez kümmeti bar. Onuň ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda bina edilipdir. Ol bişen kerpiçden (23×23×5-5,5 sm) gurlupdyr. Öz planynda inedördül (daşyndan taraplary 12×12 metr) bolan bu kümmet uly ü...

Dowamy »

1303 0
Köneler, 8 years ago


ABUL FAZLYŇ (SARAHSBABANYŇ) KÜMMETI

(XI asyr)

Abul-Fazl kümmeti Sarahs oazisiniň möhüm taryhy-arhitektura ýadygärligidir. Ýadygärlik 1023-nji ýylda ýogalan hem-de Sarahsyň golaýynda jaýlanan musulman mistigi Abul Fazla degişlidir. Halk arasynda bu ýadygärlik Sarahsbabanyň aramgähi hökmünde meşhurdyr.

Bu kümmetiň ilkinji fotosuratyny ilkinji gezek 1894-nj...

Dowamy »

1298 0
Köneler, 8 years ago


MÄNE BABANYŇ ARAMGÄHI

(gurlan wagty XI asyr, täzeden rejelenen wagty XIV asyr)

Abu Seýit kümmeti orta asyr Mäne şäherinde XI asyrda kuwwatly seljuk döwletiniň emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyň ykdysady taýdan gülläp ösýän wagtynda gurlupdyr. Kaka etrabynyň Mäne obasynda ýerleşýän bu ýadygärlik musulman şeýhi, mistigi Abu Seýit ibn Abul Haýryň (...

Dowamy »

1321 0
Köneler, 8 years ago


ÄNEW METJIDINIŇ ANSAMBLY

Halk arasynda Seýit Jemaleddiniň metjidi ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary Änew şäherçesiniň gündogarsynda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Günorta Türkmenistanyň eneolit zamanynyň ýadygärliklerini “Änew medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berdi.

Ansambly dört desga - metjit, onuň öňündäki ga...

Dowamy »

1269 0
Köneler, 8 years ago


GADYMY NUSAÝ

Dünýä medeniýetiniň taryhynda Pariýanyň siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.

B.e. öň IV asyrda grek-maked...

Dowamy »

1322 0
Köneler, 8 years ago


YZMYKŞIR GALASY

Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň “Ýagtylyk” daýhan birleöiginde ýerleşýän bu ýadygärlik takmynan b.e. öňki III-b.e. III asyrlar bilen senelenýär. Gala diwarlarynyň umumy uzynlygy 1500 metrden gowrak. Galanyň daşynda duşman gelende suw goýbermek üçin hendek gazylypdyr. Galanyň burçlarynda goranyş diňleri - “küňreler” bolupdyr.

Bu g...

Dowamy »

1581 0
Köneler, 8 years ago


MAMUN II-niň MINARASY

(XI asyr)

Mamun II-niň minarasynyň galyndylary Il Arslanyň mawzoleýiniň golaýynda ýerleşýär. Bu barada ilkinji gezek 1885-njy ýylda G. Lensdell “Orta Aziýa boýunça” diýen kitabynda ýazypdyr. Ol Mamunyň minarasyny hem Gutlug Timuryň minarasyny hem surata düşüripdir. 1952-nji ýyldaky arheologik gazuwlar minaranyň Çingiz han tarapyndan...

Dowamy »

1300 0
Köneler, 8 years ago


HOREZMBAG

Horezmbag atly aýratyn gala harabaçylygyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýär. Bu galanyň galyndylary dörtburç planly giň meýdant tutýar. Galanyň güýçli berkidilen diwarlary bolupdyr. Bu diwar galanyň ortasyndan demirgazyk-günorta tarapa çekilip, ony iki deň bölege bölüpdir.

Bu ýeri XIX asyryň ortasynda täzeden özleşdirmek synanyşyg...

Dowamy »

1281 0
Köneler, 8 years ago


MÄHIR SIŇEN KEŞDELER

Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen döreýän ajaýyp keşde- nagyşlarymyz asyrlardan miras galan inçe sungatymyzdyr. Bu sungat öz gözbaşyny taryhyň alyslyklaryndan alyp gaýdýar. Gadym döwürde eli çeper zenanlarymyz diňe geýim-gejimleri däl, eýsem, ak öýleriniň içini-daşyny hem keşde bilen bezäpdirler. Keşde çekmek, gaýma gaýamak ene-mamala...

Dowamy »

1674 0
Köneler, 8 years ago


AKGALA

Bu ýadygärlik orta asyr Ürgenjiniň (Köneürgenjiň) harabaçylygynyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Onuň ownuk çig kerpiçden salnan beýik diwarlary henizem dur. Taryhy çeşmelerde “Köşk-i Ahçak” ady bilen belli bolup, soňky ylmy çaklamalara görä, X-XII asyr bilen kesgitlenýär. Häzirki sakalanan diwarlaryň beýikligi 6-8 metre barabardyr. XIII asyryň ta...

Dowamy »

1332 0
Köneler, 8 years ago


DAŞGALA

Köneürgenç şäheri

Daşgala Il Arslanyň mazarynyň günortasyndan geçýän Guşbegiýap kanalyndan başlanýar, gündogarda Akgala, günbatarda Horezmbag atly ýerleriň arasyny eýeleýär. Bu gala Mamunyň minarasy bilen Kerwensaraýy hem öz içine alýar. 1940-njy ýyllaryň ortalarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu galanyň mongol çozuşlaryndan so...

Dowamy »

1309 0
Köneler, 8 years ago


KYRKMOLLA DEPESI


Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç säheri.


Ol minaradan demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşip tebigy bir baýar meňzeş depedir. Ýerli halk bu depe bilen asyrlar boýy gyzyklanyp gelipdir, emma hiç kim ony gazyp görmäge milt edip bilmändir. Munuňam sebäbi bu depe barada halk arasynda gyzykly rowaýat döräp, onuň belli bir der...

Dowamy »

1380 0
Köneler, 8 years ago


DAŞ METJIT

(1907-1908 ýý.)

Daşmetjit ady bilen tanalýan täze medrese Mätkerim işanyň mazarynyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Ol 1907-1908-nji ýyllarda bina edilipdir. Magaryf meselesinde Hywa şäherinden gaty yza galan Köneürgençde bu medresäniň peýda bolmagy belläp geçmäge mynasyp medeni hadysalaryň biridir. Ol Hywa şäherindäki haýsydyr bir med...

Dowamy »

1406 0
Köneler, 8 years ago