(1907-1908 ýý.) Daşmetjit ady bilen tanalýan täze medrese Mätkerim işanyň mazarynyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Ol 1907-1908-nji ýyllarda bina edilipdir. Magaryf meselesinde Hywa şäherinden gaty yza galan Köneürgençde bu medresäniň peýda bolmagy belläp geçmäge mynasyp medeni hadysalaryň biridir. Ol Hywa şäherindäki haýsydyr bir medresäniň kiçeldilen görnüşindäki nusgasydyr. Medresäniň üç tarapyny hüjreler tutýar we diňe demirgazyk tarapdaky bölegini okuw okadylýan jaýlar eýeleýär. Özara galtaşykly dört ganat bölekler içerki howly sypat meýdançada durlup seredilende aýyl-saýyl bolýar. Medresäniň içine girmek üçin ýekeje gapy goýlupdyr. Ol demirgazyk tarapda peştagyňtagçasynyň astynda ýerleşen esasy girelgedir. Hüjrelerde uzak obalardan gelen talyplar ýaşapdyr. Dershana medresäniň iň uly jaýy bolany uçin namazlar bu ýerde-de okalypdyr.Ol hem metjit wezipesini ýerine ýetiripdir. Medresäniň adynyň soň-soňlar Daş metjit bolup galmagynyň sebäbi hem şol bolsa gerek.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir