(XI asyr) Abul-Fazl kümmeti Sarahs oazisiniň möhüm taryhy-arhitektura ýadygärligidir. Ýadygärlik 1023-nji ýylda ýogalan hem-de Sarahsyň golaýynda jaýlanan musulman mistigi Abul Fazla degişlidir. Halk arasynda bu ýadygärlik Sarahsbabanyň aramgähi hökmünde meşhurdyr. Bu kümmetiň ilkinji fotosuratyny ilkinji gezek 1894-nji ýylda professor W.A. Žukowskiý çap edipdir. Bu ýadygärlik 1940-njy ýylda Günorta Türkmenistan kompleksleýin arheologik ekspedisiýasy tarapyndan öwrenilipdir hem-de arhitektor A.M. Pribytkowa tarapyndan ölçegleri alnypdyr. Abul-Fazlyň guburhanasy monumental kompozisiýadan ybaratdyr. Onda esasy möçberiň kuwwatly parallelepipedi silindrik aýlawyň üstündäki gümmez bilen utgaşýar. Bu desga bişen kerpiçden (23X23X4-4,5 sm) edilipdir.Öz planynda inedördül bolan bu jaý (taraplary 15,4 metr) giňeldilen dört sany çuň hem-de depesi çowly tagçaly inedördül otagy (taraplary 10,2 metr) emele getirýär. Gündogar tagçasynda peştagly diwarda girelge gurlupdyr. Onuň iki tarapynda-da galyň diwaryň (2,5 metr) içinde gümmeziň aşagyndaky aýlawyň düýbüne eltýän aýlawly merdiwan ýerleşdirilipdir. Oş bir wagtlar arka galereýasynyň aýlawy bilen gurşalan eken (häzir ol ýykylypdyr). Ilki dört gyraňly jaý 5 metr töweregi belentlikde arka paruslarynyň kömegi bilen alty gyraňla geçýär, soňra 12 gyraňla we iki gat kerpiç gümmezi göterýän silindrik aýlawa geçýär. Aýlawy gurşap alan galereýa ýapgyt bölekler usuly boýunça edilen gümmezler bilen örtülipdir. Jaýyň her bi iç ýüzipilçeler bilen bäş bölege bölünipdir, olaryň ýokary başlary bişen kerpiç örüminiň insiz zolagy bilen baglanypdyr we her bölegi tekiz egmekli tagça bilen bezelipdir. Kompozision sadalygy, proporsional aýdyňlygy, kerpiç örüminiň ýokary tehnikasy bu desgany Türkmenistanyň gadymy arhitekturasynyň meşhur ýadygärlikleriniň arasyna goşýar.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir