Bu ýadygärlik orta asyr Ürgenjiniň (Köneürgenjiň) harabaçylygynyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Onuň ownuk çig kerpiçden salnan beýik diwarlary henizem dur. Taryhy çeşmelerde “Köşk-i Ahçak” ady bilen belli bolup, soňky ylmy çaklamalara görä, X-XII asyr bilen kesgitlenýär. Häzirki sakalanan diwarlaryň beýikligi 6-8 metre barabardyr. XIII asyryň taryhçysy Jüzjany mongollaryň Ürgençde diňe iki sany binany ýykmandygyny ýazýar. Şolaryň biri Tekeşiň mawzoleýi, beýlekisi hem Köşk-i Ahçak bolupdyr.