(VI-VII asyrlar) Soltangalanyň günbatarynda, gadymy Hurmuzfarra kanalynyň sag kenarynda ýerleşip, Gyzlar köşgi hem-de Ýigitler köşgi atlar bilen tnalýan taruhy ýadygärlikler Merwiň şäher eteklerindäki VI-VII asyrlara degişli bolan seýrek binalaryň galyndylarydyr. Olara Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala hem diýilýär. Rowaýata görä biri-birinden o diýen daş bolmadyk şol kölkleriň ulusynda peri sypatly gyzlar ýaşan bolsa, kiçisinde hem öýlenmedik gerçek ýigitler ýaşapdyr. Olardn kimde kim alma zyňyp gyzlaryň köşgüne ýetirse, şol hem ol ýerden islän gyzyny saýlap, gelinlik üçin alyp bilipdir. Hut şu şert hem soňra şol döwrüň özboluşly ýaragy bolan sapanyň döremegine sebäp bolanmyş. Gyzlar köşgi göwrümi boýunça Ýigitler köşgünden ep-esli uludyr. Onuň dörtgyraň binýadynyň daşky ölçegi 37×43 metre, beýikligi hem 15 metre barabar bolup, diwarlaryň daşýüzi dört tarapda-da özboluşly egme gasynlara salnyp örülipdir. Ýokardaky kem-kemden çürelip gidýän we hersi kuwwatly direg sütünini ýatladyp duran şol gasynlaryň umumy sany uzyn taraplarda 22-ä, kelte diwarlarda hem 18-e ýetýär. Diwarlaryň gasynlar bilen bilelikdäki galyňlygy 2 metrden geçýär. Olaryň gurluşygy üçin 34×35×8 sm. ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr. Göwrümi boýunça Gyzlar köşgünden has kiçi bolan Ýigitler köşgüniň hem gurluşyk prinsipleri şu aýdylanlara köp babatda gabat gelýär. Onuň hersinde egme gasynlaryň 12-si bolan gapdal diwarlarynyň ölçegi dört tarapda-da 20 metre golaýlaýar. Gurluşyk üçin esasan 35×35×5,7-8 sm. ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr. Kiçi Gyzgala öň ýüzünde ýarym togalak, ýarym silindirik gofry bolan we 8-10 metre çenli belentligini saklan monumental köşkdür. Halk arasynda oňa Ýigit gala hem diýilýär.