Edebi mirasymyz ruhy gymmatlyklarymyzy, halkymyzyň oňyn ýörelgelerini şu günümize ornaşdyrmakda möhüm çeşme bolup durýar. Müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelen milli medeni, ahlak gymmatlyklarymyzyň halkymyzyň baý ruhy dünýäsinden we akyl-paýhasyndan gözbaş alyp, bu gymmatlyklaryň ýokary aň-düşünjeli, ruhy-ahlak taýdan ösen, sagdyn pikir-garaýyşly şahsyýetleri terbiýelemekdäki hyzmata ýokary baha berilýär. Adam aňynyň akyl-paýhas bilen bezelmegini, kalbynyň ruhy baýlyk bilen pürepürlenmegini islän akyldarlar munuň üçin dürli ýollary salgy berýärler. Ruhy baýlyk - ähli baýlyklaryň seresi. Ruhy baýlygy gazana bilseň, galan baýlyklaryň onuň yzyna düşüp geliberýändigine danalarymyz tejribeler arkaly göz ýetiripdirler we muny halkyň aňyna guýmaga çalyşypdyrlar. Akyldarlarymyz göze görünýän, el bilen tutup bolýan maddy zatlary pula satyn almak mümkin bolsa-da, ruhy baýlygy akyly, ylym-bilimi pul bilen gola salyp bolmajakdygyny, oňa diňe irginsiz tagalla-zähmet, özüňe erk edijilik, tutanýerlilik bilen ýetip bolýandygyny nygtaýarlar. Ähli abraý-mertebäniň, şahsyýet kämilliginiň, ilki bilen, köňül güzeriňi ruhy iýmit bilen suwaryp gandyrmakdadygyna ünsi çekýärler. Ähli zady gowulyga ýormak, ýagşy niýeti ýaran edinmek häsiýetleri halkymyzy hemişe bagta atarypdyr. Türkmenler ýagşy niýetde döwletiň bardygyna pugta ynanypdyrlar. Arzuwa, göz öňünde tutulýan maksada ýetmekde söýginiň, yhlasyň, irginsiz tagallanyň güýjüni «Yhlasa - myrat», «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar», «Ýagşy niýet - ýarym döwlet», «Umytly guş Käbä ýeter» ýaly atalar sözleri bilen aňladypdyrlar. Edebi mirasymyzdaky taryhy, edebi, folklor eserlerimiziň tutuş ynsany, adamzat neslini ruhy-ahlak taýdan terbiýelemeklige gönükdirilendigini görýäris. Az sözden uzlugy gözlän ruhy baýlyklarymyzyň - atalar sözlerimiziň, hikmetlerdir pähimlerimiziň terbiýeçilik ähmiýeti juda uludyr. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri ruhy baýlyklaryň hazynasy bolan golýazma eserlerini dikeldip, arap-pars, türki dillerinden terjime edip çapa taýýarlamakda, olardaky ruhy gymmatlyklarymyzy halka ýetirmekde yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Bu işde ikitaraplaýyn sogap bar: akyldarlarymyzyň nesillerine goýan amanadyny - peşgeşini gowşurmak we nesilleri uly sowgat bilen begendirmek. Muhammet Gazalynyň pars dilinde ýazan «Nesihatyl-muluk» eserindäki bir hekaýatda ýagşy niýetliligiň ynsan ömrüni gowulyga öwrüşini görmek bolýar. Bu eserde Abu Sagytdan (bu şahsyň kimligi anyklanylmady) rowaýat edilýän şeýle hekaýat getirilýär: Ysraýyl ogullarynyň döwründe ýagşy pälli bir adam bolupdyr. Onuň takwa, akylly we gowy pikirli bir aýaly bar eken. Şol döwrüň pygamberine: «Şol ýagşy gylykly adama aýdyň. Biz onuň ýarym ömrüni garyplykda, ýarym ömrüni gurplulykda geçirmegini takdyr etdik. Ol garyplygy juwanlykda isleýärmi ýa-da garrylykda? Bularyň haýsysyny isleýän bolsa, şony ygtyýar eýlesin we saýlasyn» diýip wahyý inipdir. Ol kişi bu ýüzlenişi eşidenden, dessine aýalynyň ýanyna ýüwrüp gelip: - Eý, hatyn! Haktagaladan şeýle-şeýle perman geldi. Sen nämäni dogry hasaplaýarsyň? Biz bularyň haýsysyny saýlarys? - diýip soraýar. Aýaly oňa: - Sen haýsysyny saýlaýarsyň? - diýip ýüzlenýär. Onda adamsy: - Gel, keýwany, garyplygy juwanlykda saýlaly, çünki şonda kynçylyk başymyza düşende, sabyr-takat etmegi, kynçylygy ýeňmegi başararys. Garrylyk gelip ýetende bolsa bir zatlar iýip-içip mydar we oňşuk ederis hem-de Hudaýa tagat etmek bilen ybadat ederis - diýýär. Adamsynyň pikirlerini diňlän aýaly niýetini ýagşa tutup söze başlaýar: - Eý, kakasy! Juwanlykda garyp bolsak, tagat-ybadat we ýagşylyk edip bilmeris. Ömrümizi ýele berip, armanly galarys, ejiz ýagdaýda tagat-ybadat hem edip bilmeris. Gel, gowusy, juwanlykda gurplulygy saýlaly. Şonda hem haýyr-yhsan edip bileris, hem-de juwanlygymyz eşretli bolar. Bedenimiz bilen hem, mal-baýlygymyz bilen hem ybadat etmegiň hötdesinden gelip bileris - diýip, akylly-başly jogap berýär. Şonda adamsy: - Seniň pikiriň has göwne makul ýaly görünýär. Goý, bu seniň aýdyşyň ýaly bolsun - diýýär». Şondan soň Allatagala bu är-aýalyň özüne tagat etmek üçin janypkeşlik edýänligi, niýetleriniň päkdigi we hemmelere ýagşylyk isleýändikleri üçin, olaryň tutuş ömrüni gurply ýaşamaklaryna perman berýär. Ömrüňi manyly geçirmekde, ilki bilen, kalbyňda ýagşy pikirleri şineletmekligiň wajypdygyny ündeýän şeýle hekaýatlar nesil terbiýesinde elmydama ähmiýetli bolup durýar. Hut şonuň üçin-de institutymyzyň işgärleri gyzyldan gymmatly edebi miraslarymyzy yzygiderli halkymyza ýetirip durmak ugrunda uly aladalary edýärler.