Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň “Ýagtylyk” daýhan birleöiginde ýerleşýän bu ýadygärlik takmynan b.e. öňki III-b.e. III asyrlar bilen senelenýär. Gala diwarlarynyň umumy uzynlygy 1500 metrden gowrak. Galanyň daşynda duşman gelende suw goýbermek üçin hendek gazylypdyr. Galanyň burçlarynda goranyş diňleri - “küňreler” bolupdyr. Bu gala dünýä meşhur türkmen alymy az-Zamahşarynyň (1074-1144 ýý.) watanydyr. Doly ady Abu-l Kasym Mahmyt bin Omar az-Zamahşary bolan alymy “Fahr-i Horezm” (“Horezmiň guwanjy”) diýip atlandyrypdyrlar. az-Zamahşary yslamyň hanafy ugrunyň hukuk alymy, filosof, dilçi, edebiýatçy we syýasatçy alym bolupdyr. W.W. Bartold tarapyndan “dünýä derejesindäki alym” hökmünde baha berlen az-Zamahşary 50-den gowrak ylmy işiň awtory bolup, şolaryň diňe 20-si saklanyp galypdyr. Kurana ýazylan tefsir şolaryň içinde ajaýyplarynyň biridir.