Türkmen halkynyň taryhy, medeni, edebi miraslaryna nazar aýlasaň, nusgawy şahyrlarymyzyň umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşandyklaryna göz ýetirmek kyn däl. Halkyň taryhy edebi eserlerde, bagşylaryň aýdymlarynda has aýdyň beýanyny tapypdyr. Muny meşhur nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalybyň döredijiligi bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. «Oguznama» poemasynda şahyr diňe bir türkmen halkynyň geçmişi bilen baglanyşykly rowaýatlara, hekaýatlara däl, eýsem köplere mälim bolmadyk anyk taryhy wakalara hem ýüzlenýär. Bu bolsa Andalybyň öz halkynyň, Watanynyň taryhyny öwrenmäge uly ähmiýet berendiginiň subutnamasydyr. 01 öz baş gahrymanynyň üsti bilen türkmen halkynyň belent adamkärçiligini, adyllygyny, parasatlylygyny, gahrymançylygyny açyp görkezýär. Şahyryň eserlerinde çuňňur pelsepewi pikirler, ylmy garaýyşlar biri-biri bilen utgaşyp gidýär. Şoňa görä-de, olar köp asyrlap hemmelere watanperwerligiň, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp sapagy hökmünde hyzmat edipdir. Şahyryň Nesimä bagyşlanylan poemasynda hem Watan, adam mertebesi, ylym mukaddeslik derejesine göterilip beýan edilýär. Şu pikirler «Ýusup-Züleýha» dessanynda hem aýdyň duýulýar. Onda şahyr gandöküşikli uruşlary berk ýazgarýar. Ýamanlygy diňe ýagşylyk bilen ýeňip geçmegi ündeýän eseriň beýleki birnäçe halklaryň hem söýgüsini gazanmagynyň sebapleriniň biri, megerem, onuň il kalbynyň owazy bilen gabat gelýanligi üçin bolsa gerek. «Melike-Mährinigär», «Zeýnel-arap» ýaly eserlerinde şahyr şu pikirleri öz gahrymanlarynyň hereketleri, wakalar arkaly ile ýetrip bilipdir. Andalybyň söýgi hakyndaky eserlerinde-de watançylyk duýgusy bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Meşhur «Leýli-Mejnun» dessanynyň gahrymanlarynyň içki dünýälerine, keşplerine içgin aralaşanyňda, muňa göz ýetirmek bolýar. Mejnunyň diňe bir öz söýgülisine däl, eýsem Watanyna, halkyna wepalydygyny şahyr söweş wakalary dowam edýärkä onuň aňynda at çapýan oý-hyýallarynyň üsti bilen ýüze çykarýar. Aşygy maksadyna ýetirmek, Leýlisine gowşurmak ýaly ýagşy niýetleriň aňyrsynda basybalyjylyk meýilleri ýatan çet ýurtly hökümdaryň goşunlary üstün çykyberse, Mejnunyň öz ýurdunyň goşunlaryna goldaw bermegi diläp, Taňra ýüzlenişi belent watanperwerlikden, wepadarlykdan nyşandyr. Dogduk mekanynda özüne edilen jebirjepalardan, sütemlerden ýaňa dälilik hetdine ýeten hem bolsa, Mejnun halkynyň arnamysyny, Watanynyň azatlygyny şahsy bähbidinden ileri tutýar. Şeýle batyrgaý pikirleri çeper eseriň üsti bilen şol döwürlerde beýan eden şahyryň töwekgelçiligi haýran galdyrýar. Bu diňe bir Andalybyň beýik söz ussadydygyna, ylymly adamdygyna, halkyň oý-pikirlerine örän beletdigine, durmuş tejribesiniň baýdygyna däl, eýsem bütin kalby bilen watanperwerlige, wepadarlyga, ynsanperwerlige ýugrulanlygyna şaýatlyk edýär. Ynsan söýgüsiniň çygry örän giň. 01 Watanyny, halkyny, ata-enesini, perzendini jany-teni bilen söýýar. Bu duýgularyň sazlaşygy köňüllere nur çaýyp, ýüreklere aram berýär, adamlary beýgeldýär. Nurmuhammet Andalybyň dessanlarynda-da, goşgularynda-da şu pikirler örboýuna galýar. «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha» dessanlary, «Gül», «Çendan-çendan», «Dilber», «Bir gün», «Gördüm ýüzüni» ýaly şygyrlary muňa mysal bolup biler. Olarda gelin-gyzlaryň gözellikleri, edep-ekramlylygy, gylyk-häsiýetleri, näzkereşmeleri, wepadarlygy, zenan mertebesi, pähim-paýhasy öz beýanyny tapýar. Magşugyna ýetip bilmedik aşygyň, ene-atadan aýra düşen perzendiň, jebir-jepaly döwrüň durmuşynyň agyr labyryny gerdeninde çeken adamyň ykbalyna mahsus ähli zady başdan geçiren Andalybyň şygyrlarynda onuň öz keşbide görünýär. «Boldy Andalyp» atly gazaly hut şahyryň şeýle eserleriniň biridir. Onuň «Jebrijepaga» diýen goşgusynda şeýle setirler bar: Köňlüm berdim biwepaga, Köýdi ýüregim jebri-jepaga. Eý näzeninim, maňa rahym kyl, Galdym sen diýip, sansyz belaga. Bimary-yşkyň boldum, neter men, Ne çäre eýleý jebri-jepaga. Aşygyň jebri-jepa çekýänligi, yşkyň derdinden köp bela-beterlere uçrandygy aýdylýan goşgy şeýle jemlenýär: Andalyp sen diýip, geçer janyndan, Kylgyl anaýat muflis gedaga. Her hili kynçylyklara duş gelse-de, aşygyň göwnüçökgünlige uçraman, ýagşy umytda bolmalydygy barada şahyryň ýürekden syzdyryp edýän wesýetleri ýokardaky setirlerde öz beýanyny tapýar. Munuň özi belent söýgä wepadarlygyň nyşany bolup, okyjylaryň kalplaryna şugla saçýar. Nurmuhammet Andalybyň giň dünýägaraýşy, taryhy wakalary çeper beýan edişi, türkmen, pars, arap, türki dillerinde ýazylan edebiýatlary öwrenenligi, Gündogaryň meşhurşahyrlarynyň eserlerini terjime edenligi onuň öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň hatarynda tanalanlygyna güwä geçýär. Muny onuň pelsepewi garaýyşlary hem subut edýär. Diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem tutuş Gündogaryň beýik danalarynyň biri bolan Nurmuhammet Andalybyň döredijiligi adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň köşgüne ylmyň we yşkyň şuglasy bolup, nur saçýar.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir