Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç säheri. Ol minaradan demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşip tebigy bir baýar meňzeş depedir. Ýerli halk bu depe bilen asyrlar boýy gyzyklanyp gelipdir, emma hiç kim ony gazyp görmäge milt edip bilmändir. Munuňam sebäbi bu depe barada halk arasynda gyzykly rowaýat döräp, onuň belli bir derejede gorkunçly bolmagyndadyr : “Şa öz alymlary üçin henize çenli görülmedik uly we owadan ymarat saldyrp beripdir. Döwletiň iň ökde ussalary gurluşyga gatnaşypdyrlar. Netijede dünýäde deňi-taýy bolmadyk ymarat bina edilipdir. Onda 40 sany iň meşhur alym 40 müň talyba (molla) sapak beripdir. Emma bir gün şäheri ýowuz duşman alypdyr. Şonda alymlar we mollalar jemlenişip, bu ymaratyň çöwrülip, özleriniň hem duşmana ýüzleriniň düşmezligini Hudaýdan diläpdirler. Ymarat astyn-üstün çöwrülipdir. Duşmanlar gelip görenlerinde bu ýerden nam-nyşan tapmandyrar. Ilatyň galanjasy hem “Biz bu ýeri ekmek üçin sürüp goýupdyk” diýipdirler.Anna güni ymaratyň astyna giden mollalar jem bolup, Kuran okaýarlar, şol gün gelip, olaryň owazyny eşidip bolýar. ” Tapylan diwarlar we arheologiki tapyndylar (gap-gaçlaryň bölekleri) b.e. IV asyryna çenli bu ýerde ýaşaýşyň bolandygyny görkezýär. Taryhçylayň arasynda Kyrkmolla galasy Mamunyň akademiýasy, Horezmiň baş medresesinde sapak beren Şyhabeddin Hywakynyň XII asyryň ahyry XIII asyryň başyndaky “Magoran ul-Hikmat” atly kitaphanasy bolandyr diýen çaklamalar bar.