(XV asyr) Mongollaryň talaňçylygyndan soň Maryda XV asyrda Abdyllahangalanyň ýykyndylarynyň häzirki ýerleşýän ýerinde ýaşaýyş täzeden janlanyp ugrapdyr. Şol wagtyň çig kerpiçden gurlan desgalaryndan öz planynda tegelek, üsti konus şekilli ýapylan, Abdyllahangalanyň demirgazygynda ýerleşýän iki sany desgany tapawutlandyrmak bolar. Bular gar saklanýan ýa-da jemgyýetçilik buzy saklanýan uly desgalardyr. Olaryň biriniň diametri 17 metr, beýlekisiniňki 13 metrdir. Bularyň gümmeziniň astynda buz ýa-da gar uzak wagtlap saklanyp bilipdir. Bu desgalaryň ikisiniňde uly görnüşli formasy we çig kerpiçden kese hatarlar bilen örülen (örme) gümmezi bar.