Köneürgenç şäheri Daşgala Il Arslanyň mazarynyň günortasyndan geçýän Guşbegiýap kanalyndan başlanýar, gündogarda Akgala, günbatarda Horezmbag atly ýerleriň arasyny eýeleýär. Bu gala Mamunyň minarasy bilen Kerwensaraýy hem öz içine alýar. 1940-njy ýyllaryň ortalarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu galanyň mongol çozuşlaryndan soň dörändigini görkezipdir. Gazuwlaryň netijesinde galanyň gündogardaky derwezesinden demirgazyga tarap uly bir köçäniň gidendigi anyklanyldy. Kerwensaraýyň öňünden geçen köçe hem demirgazyga tarap giden köçäni göni kesip geçipdir. XIII-XIV asyrlarda Ürgenç şäheri uly bolup, Daşgala onuň bir bölegi bolupdyr. Emma uruşlar zerarly XV-XVII asyrlarda uruşlar zerarly Ürgenjiň tutýan meýadany Daşgalanyň diwarlrynyň çäginde kesgitlenipdir. Ürgenjiň bu böleginiň sebäbi daşyň, ýagny kerpijiň köp bolmagynda.