Horezmbag atly aýratyn gala harabaçylygyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýär. Bu galanyň galyndylary dörtburç planly giň meýdant tutýar. Galanyň güýçli berkidilen diwarlary bolupdyr. Bu diwar galanyň ortasyndan demirgazyk-günorta tarapa çekilip, ony iki deň bölege bölüpdir. Bu ýeri XIX asyryň ortasynda täzeden özleşdirmek synanyşygy edilipdir, ol şol asyrda salnan pagsa diwaryň galyndysyndan aňlanylýar. Emma bu diwaryň has gadymky haýatyň üstünden salnandygy XIII-XIV asyrlardan galan tapyndylar görkezýär. 1952-nji ýylda professor S.P. Tolstowyň Köneürgençdäki ekspedisiýasy galanyň merkezindäki depäniň käbir ýerlerini barlap görüpdi. Bu depe bilen öň Hywa hany Mädemin han hem gyzyklanypdyr. Hanyň gazdyran ýerleriniň yzyny çalyp barlag geçirilende, bu ýerde biräçe otaglaryň bardygy anyklanyldy. Şol otaglar uly köşgüň galyndylary bolup çykdy. Köşk XIII-XIV asyrlara degişli. S.P. Tolstowyň kesgitlemegine görä, Horezmbag galasy Altyn Orda döwrüniň hanlarynyň şäherden daşardaky berk goralan köşgi bolupdyr. Taryhçylardan Fasih Hawafi 1342-nji ýylda bolup geçen wakalary beýan edende şu köşgi göz öňünde tutan bolmagy mümkin. “Soltan Janybegiň permany bilen Horezmiň Saraý-i Jedidinde Horezmiň häkimi emir Aly Sopy 17-nji rebi-al-awwal aýynda jezalandyrylyp öldüridi” diýip Hawafi ýazypdyr. Galanyň adynyň Horezmbag bolmagynyň sebäbi onuň köşk bolandygyndan we daragtlaryň gögerip oturan wagtyndan galan nyşanydyr.