( XI asyr) Sarahs harabaçylygynyň 7-8 kilometrlik günorta we günorat-gündogar tarapynda gaty weýran bolan Ýartygümmez kümmeti bar. Onuň ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda bina edilipdir. Ol bişen kerpiçden (23×23×5-5,5 sm) gurlupdyr. Öz planynda inedördül (daşyndan taraplary 12×12 metr) bolan bu kümmet uly üç güberçekden düzülen, depesi dördünji güberçek bilen tamamlanýan özboluşly parus ulgamynda gümmez bilen örtülipdir. Bu kümmetiň aýratynlygy onuň girelgesiniň günorta bakdyrylandygy, içinde tagçalarynyň we girelge peştagynyň ýoklugydyr. Desganyň ýüzleri pilçeler bilen üç bölege bölünipdir. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu kümmeti Samanynyň berýän maglumatyna görä (XII asyrda) Sarahsyň golaýynda jaýlanan şeýh Ahmet al-Hadyny guburhanasydyr diýip çaklaýar.