(XI asyr) Mamun II-niň minarasynyň galyndylary Il Arslanyň mawzoleýiniň golaýynda ýerleşýär. Bu barada ilkinji gezek 1885-njy ýylda G. Lensdell “Orta Aziýa boýunça” diýen kitabynda ýazypdyr. Ol Mamunyň minarasyny hem Gutlug Timuryň minarasyny hem surata düşüripdir. 1952-nji ýyldaky arheologik gazuwlar minaranyň Çingiz han tarapyndan ýykylandygyny, emma XIV asyrda gaýtadan dikeldilendigini görkezýär. Mamunyň minarasynyň XIX asyryň ýer titremesi zerarly ýykylan bolmagy mümkin. Ürgenjiň minarasynyň ýykylmagyna sebäp bolup biljek ýer titremäniň Gulan Ahun işanyň kitabynda belenendigini aýtmak gerek. Uly ähmiýetli bu maglumatda 1895-nji ýylyň 8-nji iýulynda Uzboýda 7-8 balla golaý, Ürgençde 4-5 balla golaý güýçli ýer titremesi (“zilzileý-i azyma”) bolandygy habar berilýär.