Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen döreýän ajaýyp keşde- nagyşlarymyz asyrlardan miras galan inçe sungatymyzdyr. Bu sungat öz gözbaşyny taryhyň alyslyklaryndan alyp gaýdýar. Gadym döwürde eli çeper zenanlarymyz diňe geýim-gejimleri däl, eýsem, ak öýleriniň içini-daşyny hem keşde bilen bezäpdirler. Keşde çekmek, gaýma gaýamak ene-mamalarymyzdan gelin-gyzlara geçip, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasymyzdyr. Dürli reňkler bilen sünnälenip çekilen keşdeleri synlanymyzda, biz olarda türkmen tebigatynyň gözelliklerini, ýaşyl ýaýlalaryň al-elwan güllerini görýäris. «Hakyky sungat bakydyr» diýlişi ýaly, bu inçe senediň üstünden näçe asyrlar geçse-de öz gymmatyny ýitirmän, gaýtam täze öwüşgine eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary bolsa keşdeleriň täze, has owadan nusgalaryny döredýärler. Toý kürtelerinde, çabytdyr donlarda, keteni köýneklerde ýer alan şol keşdeler, ussat zergärlerimiziň döreden ajaýyp şaý-sepleri bilen sazlaşykly gözelligi emele getirýärler. Milli öwüşginli bu owadan lybaslary geýnen gelin-gyzlarymyzy göreniňde, milli mirasymyza kalbyňda buýsanç duýgusy oýanýar. Onsoň, şol pursat şahyryň şu setirleri biygtyýar zybanyňa gelýär: Bu sungatda näçe diýseň jady bar, Asyrlardan miras galan ýadygär. Ýürekdäki keşdeleri döreden , Türkmen zenanynyň beýik ady bar. Goý, mähir siňen keşdeler mähriban zenanlarymyzyň gözelligine gözellik goşup, elmydama olaryň milli lybaslaryny bezesin!