Mary welayaty (XI asyr) Köp ýyllaryň dowamynda il-halkyň dilinde ymam Muhammet Hanapyýa ýa-da ymam Japar Sadyk diýlip tanalan bu kümmet Soltangaladan bir km. ýaly günbatarda ýerleşýär. 1959-njy ýyla çenli Muhammet Hanapyýanyň kümmeti diýlip ýalňyş düşündirilen, emma Muhammet ibn-Zeýdiň kümmeti bolan bu bina XI asyryň başynyň deňsiz-taýsyz ýadygärligidir. Inedördül kümmet (taraplary 8,5 metr) esasn çig kerpiçden gurlupdyr, emma tutuşlygyna bütin daş ýüzi bişen kerpiç bilen ýüzlenipdir. Iç ýüzüniň paruslarynyň ýaruslary we gyralaryndaky ýazgylary nagyşly bişen kerpiçden örülipdir. M.Ý. Masson tarapyndan dykgatly okalyp düşündirilen bu ýazgy ýadygärligi takyk 1112-1113-nji ýyllar bilen seneleýär he-de ony bu ýerde jaýlanan Muhammet Seýit ibn-Zeýdiň ady bilen we Mary welaýatynyň hökümdary Şerefeddin Abu Tahyryň ady bilen baglanyşdyrýar. kümmetiň özi-de Şerefeddin Abu Tahyryň buýrugy bilen 1112-nji ýylda bina edilipdir. Soň-soňlar kümmet gümmezi bilen birlikde ençeme gezek üýtgedilip gurlupdyr we rejelenipdir. XX asyryň başynda gadymy kümmetiň gümmezi ýykylypdyr. 1937-nji ýylda A.M. Baçinskiniň we W.I. Pilýawskiniň ýolbaşçylygynda Buharadan bolan ussalar uraban we Yusup tarapyndan gümmez gaýtadan dikeldilipdir.

Köneler, Horjun tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir