(XV asyr) Sahabalar (ashablar) ýagny Muhammet pygamberiň ýoldaşlary we “baýdak göterijileri” Al-Hekim ibn Amr al-Gifary we Bureýda ibn al-Huseýb al-Aslamy - yslamy ündemek maksady bilen Mara gelipdirler. Olar arap halypalygynyň Merwdäki ýeňişlerinden soňra bu ýerde hökümdarlyk edip, ençeme ýyl ýaşaýarlar hem-de adamlary yslama uýdurmak boýunça ep-esli işleri alyp barýarlar. Sahabalaryň ilkinjisi 670-nji ýylda, ikinjisi hem 681-nji ýylda Merwde ýogalýarlar hem-de şu ýerde jaýlanýarlar. Olara ýerli ilatyň arasynda meşhurlyk gazandyrmak maksady bilen XV asyrda Marynyň täze hökümdarlary ashablaryň mazarlarynyň üstüne kerpiçden iki sany çuň we gabyrüsti kiosklaryň oklary boýunça ýerleşýän gümmezli eýwan gurupdyrlar. Eýwanlar we olar bilen gurlan gabyrüsti kiosklar hem çagşapdyrlar. Eger-de kiosklar XX asyryň başynda tutuşlygyna gaýtadan örülen bolsa, onda eýwanlary konserwasiýa edipdirler. Beýikligi 10 metrden aşýan peştaglaryň ikisi-de forma babatda birmeňzeş bolup, olar esasan 25×25×5 sm. ölçegdäki bişen kerpiçlerden salnypdyr. Hiç hili ýaşaýyş jaý ýa-da beýleki jaý roluny ýerine ýetirmeýän bu ymaratlaryň hersiniň ortasynda ýokary çürelip gidýän ýeke-täk uly arka bar.Eýwanlaryň arhitekturasy meňzeş we olar Teýmiritler döwletiniň paýtagt arhitekturasynyň ýetiren özboluşly täsirini görkezýär. Iki sany gabyrüsti daşdaky ýazgylarda Bureýdanyň we Gigarynyň şahslaryna degişli käbir maglumatlar berlipdir.