Ispaniýa Awstriýany ýeňip, DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykdy
Ispaniýanyň milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Awstriýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirildi.
Ispanlaryň gollaryny Mikel Oýarsabal (36-njy we 89-njy minutlarda) hem-de Pedro Porro (66-njy minutda) geçirdi.
Toparçalaýyn tapgyryň jemleri boýunça Ispan...
Ronaldunyň goly Portugaliýany DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykardy
Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Horwatiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Kanadanyň Toronto şäherinde geçirilen duşuşyk Portugaliýanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.
Ýeňijileriň düzüminde Kriştianu Ronaldu 68-nji minutda penalti urgusyndan tapawutlandy. Bu onuň dünýä çempionatlarynyň pleý-off...
BMG: Her gün emeli aň-kömekçilerden 1 milliard adam peýdalanýar
Her gün dünýäde bir milliarddan gowrak adam «ChatGPT», «Claude» we «Gemini» atly emeli aň gepleşik ulgamlaryny ulanýar diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň garaşsyz halkara ylmy toparynyň çap eden nutugynda habar berildi.
Garaşsyz halkara ylmy toparyň nutugynda bellenişi ýaly, emeli aň önümlerini döretmek üçin dünýäniň öňdebaryjy superkomp...
Şwesiýada 1-nji iýuldan täze kanunlar güýje girdi
1-nji iýuldan başlap, Şwesiýada salgyt, durmuş syýasaty, jemgyýetçilik howpsuzlygy we maşgala hukugy ýaly ugurlara dahylly täze kanunlar güýje girdi. Olaryň arasynda iň özüne çekijisi – tans çärelerine goşulan baha üçin salgytlaryň 25 göterimden 6 göterime çenli azaldylmagy boldy. Azyk harytlary dükanlary we dermanhanalar indi nagt pul kabul etmeli...
«Internetiň atasy» Winton Serf «Google» kompaniýasyndaky işini tamamlaýar
Meşhur amerikan alymy, häzirki zaman internetini esaslandyryjylaryň biri Winton Serf geljek hepdede «Google» kompaniýasynda işini tamamlar diýip, «TechCrunch» neşirine salgylanýan «azertaj.az» habar berdi.
83 ýaşly Winton Serf egindeşi Robert Kan bilen bilelikde, häzirki zaman internetiniň özeni bolan TCP/IP tor protokollaryny döretdiler. Ol...
Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde EA ýykgyn edýän täze hünärler açylar
Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi (YÖK) bir bölegi emeli aň bilen baglanyşykly 16 sany täze hünäriň girizilýändigini habar berdi diýip, «azertaj.az» ýazýar.
Ýagny 2026/27-nji okuw ýylynda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynda hünär saýlamak boýunça gollanmalarda «Emeli aň», «Maliýe tehnologiýalary», «Biotehnologiýalar», «Mobil...
Russiýada motosiklleriň satuwy rekord derejede ýokarlandy
2026-njy ýylyň maý aýynda russiýalylar 23 müň çemesi ulanylan motosiklleri satyn aldylar, bu geçen ýylyň maýyndakydan 20 göterim köpdür diýip, ýurduň «Awtostat» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Motor tehnikalarynyň ikinji el bazarynyň 60 göterimden gowragy bäş kysymyň paýyna degişli boldy: «Honda» (4,4 müň birlik), «Yamaha»...
«Apple» ýene bäş sany täze «iPhone» kysymlaryny öndürmekçi
«Apple» kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda we 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda «iPhone» eltelefonlarynyň azyndan bäş sany täze kysymyny öndürmegi meýilleşdirýär, olaryň arasynda eplenýän smartfon hem bar. Bu barada «Nikkei Asia» neşirine salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
«iPhone 17 smartfonyna isleg bazarda henizem ýeterlik oňat, em...
Floridada alligatorlaryň adamlara hüjüm edýän ýagdaýlary ýygjamlaşýar, heläk bolýanlar bar
Amerikanyň Florida ştatynda alligatorlaryň adamlara hüjüm edýän pursatlary artdy, diňe soňky hepdede şeýle wakalaryň üçüsi hasaba alyndy diýip, CNN teleýaýlymy habar berdi.
Arasy 24 sagat bolan iki wakanyň soňkusynda 31 ýaşly zenan heläk boldy. Ol tanyş ýigidi bilen Orlandodan demirgazykdaky Ekonlokhatçi kölünde suwa düşmekçi bolanlarynda, o...
Italiýada köl jokrama yssy sebäpli milliardlarça litr suw ýitirdi
Italiýanyň demirgazygyndaky Garda kölüniň suwy adatdan daşary yssy sebäpli diňe soňky hepdede 10 santimetr pese düşdi. Bu barada «Bild» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
«Örän yssy tomus gün suwuň üstüniň her inedördül metrinden 6-7 litr suw bugaryp bilýär. Eger bu görkezijini Garda kölüniň äpet meýdanyna dahylly hasaplasaň, onda...
Serdar Berdimuhamedow diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Horwatiýanyň Prezidentini gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutag iberdi. Bu barada TDH habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň...
Türkmenistan Niderlandlarda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny we gözellik bäsleşigini geçirer
2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty we gözellik bäsleşigi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde habar berildi.
Çäräni «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ahalteke atlaryny...
Gazagystanda täze Konstitusiýa güýje girdi
Gazagystanda sala salşykda kabul edilen täze Konstitusiýa 1-nji iýuldan başlap, güýje girdi. 1995-nji ýylda kabul edilen öňki Esasy Kanun öz güýjüni ýitirdi.
«Bu gün garaşsyz Gazagystanyň taryhynda täze eýýam başlanýar. Biz progresiň, syýasy we ykdysady özgertmeleriň, giň gerimli täzelenişleriň şaýoluna düşýäris. Bu gün syýasy ulgamy üýtgedi...
Tramp 2025-nji ýylda kriptopulda bir milliard dollardan köp girdeji gazandy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geçen ýylda kriptopulda bir milliard amerikan dollaryndan hem köp girdeji gazandy. Bu barada maliýe hasabatyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Hepdäniň sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet gullukçylarynyň etikasy boýunça edarasy hasabaty yglan etdi. Onda Trampyň deklarasiýasy 927 sahypany eýeleýär.
Şunda...
Keýniň geçiren iki pökgüsi Angliýanyň ýygyndysyny 1/8 finala çykardy
Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde iki pökgini hem Garri Keýn tora girizdi (75-nji we 86-njy minutlarda)....
Belgiýanyň ýygyndysy goşmaça wagtda Senegaly ýeňip, dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykdy
Futbol boýunça Belgiýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda goşmaça wagtda Senegalyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň 1/8 finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Duşuşyk ABŞ-nyň Sietl şäherinde geçirildi.
Belgiýanyň düzüminde Romelu Lukaku (86-njy minutda) hem-de Ýuri Tilemans (89-njy we 120+5-nji minutlarda, penal...
ABŞ-nyň ýygyndysy 24 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatynyň ilkinji pleý-off tapgyryndan geçdi
ABŞ-nyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Santa-Klara şäherinde geçirildi.
Ýeňiji ýygyndynyň gollaryny Folarin Balogun (45-nji minutda) hem-de Malik Tillman (82-nji minutda) geçirdi. Balogun 64-nji minutda meýdançadan çykaryldy. B...
Fransiýada Prezident saýlawlarynyň güni bellendi
Fransiýanyň täze Prezidentiniň saýlawlary 2027-nji ýylyň 18-nji apreline hem-de 2-nji maýyna bellendi. Bu barada «Le Figaro» gazeti çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Üstümizdäki ýylyň 23-nji aprelinde Nikosiýadaky frank-kipr mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşykda fransuz lideri Emmanuel Makron syýasatdan gitmek isleýändigini habar beripdi.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan)» kompaniýasy Aşgabatda boş iş ornuny yglan etdi
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy maliýe amallary hyzmatlary boýunça hünärmen wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýandygyny yglan etdi. Iş orny Aşgabat şäherinde ýerleşýär.
Dalaşgärlerden buhgalter hasaba alnyşy, maliýe, ykdysadyýet, täjirçilik ýa-da şu ugurlara ýakyn hünärler boýunça ýokary bilimiň bolmagy talap edilýär. A...
Ýewropa Bileleşigi arzan bahaly poçta ibermelerine 3 ýewro möçberinde gümrük ýygymyny girizdi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bileleşige agza bolmadyk döwletlerden getirilýän arzan bahaly poçta ibermelerine 3 ýewro möçberinde gümrük ýygymyny girizdi. Ýewropa Komissiýasynyň habar bermegine görä, bu düzgün, esasan hem internet arkaly satylýan we bahasy 150 ýewro çenli bolan harytlaryň giň görnüşine degişlidir.