Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa az-kem ýagyşly bolar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +22... +27 gradus maýyl bolar. Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar. Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 13 metrden 10 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl bolar. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +14 gradusdan +16... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +24 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→