Türkiýäniň Kojaeli şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletleriň ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Umumy miras, ýeke-täk ýürek» şygary astynda Türki dünýäniň ýaşlarynyň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada uza.uz saýty habar berýär. Üç gün dowam eden çärede türki halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, umumy taryhy mirasy ýaş nesliň arasynda wagyz etmäge, bilim, ylym, media we sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleler boýunça pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça türki dünýäniň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 11 maddadan ybarat netijeler we teklipler işlenip düzüldi. Şeýle-de Türki dünýäniň ýaşlarynyň indiki duşuşygyny 2027-nji ýylda Türkiýäniň Kaýseri şäherinde geçirmek barada ylalaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→