Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýaşaýjylaryny we ähli itşynaslary şu ýyl 25-nji oktýabrda bellenilip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany öz gutlagynda gadymy tohumyň milli miras üçin ähmiýetini nygtady hem-de ony saklap galmakda we dünýä ýaýmakda gazanylan üstünlikleri belledi.
«Türkmen...
«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda Karara gol çekdi. Resminama anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edildi diýip, TDH habar berýär.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrm...
Taýwana «Çampi» taýfuny indi: ejir çekenleriň sany 500-den geçdi
Taýwanda «Çampi» taýfuny sebäpli ejir çekenleriň sany 527 adama ýetdi, bir adam aradan çykdy. Bu barada Reuters ýerli ýangyn söndüriji gullugyna salgylanyp habar berýär.
Taýfun 24-nji oktýabr güni irden adanyň demirgazyk-gündogar kenarynyň golaýyndan geçdi. Taýwanyň Merkezi meteorologiýa müdirliginiň maglumatyna görä, tupan adanyň gündogar t...
Ronaldu $2 mlrd gazanan ilkinji türgen boldy
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu häzirki türgenleriň arasynda umumy gazanjy 2 milliard dollara ýeten ilkinji türgen boldy. Bu barada «Forbes» žurnaly habar berýär.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, futbolçy 2026/27 möwsüminde klub bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde 250...
«Bawariýanyň» tälimçisi Kompani türgenleşik wagty huşuny ýitirip, hassahana ýerleşdirildi
«Bawariýa» toparynyň baş tälimçisi Wensan Kompani Mýunhen kluby bilen türgenleşikden soň huşuny ýitirdi we hassahana dikuçarly äkidildi. Bu barada Bild we Sky Sport Germany nemes neşirleri habar berdiler.
Bu waka 23-nji oktýabrda, anna güni boldy. Esasy toparyň türgenleşiginden soň, 40 ýaşly belgiýaly tälimçi ýaşlar toparynyň türgenleşigine-...
BMW işden meýletin çykjak işgärlerine 7 sany täze X5-iň bahasyna barabar pul töleýär
Germaniýanyň BMW awtoulag kompaniýasy işgärleriň öz islegi bilen işden gitmegi üçin ýörite maksatnamany işe girizdi. Maksatnama esasynda käbir işgärlere 650 müň ýewrodan gowrak pul tölener. Bu möçber adaty görnüşli ýedi sany täze BMW X5 awtoulagynyň bahasyna deňdir.
BMW kompaniýasy 2027-nji ýylyň ahyryna çenli işgärleriniň sanyny, takmynan,...
Fransiýada surat üçin heniz munça pul tölenmändi: Moneniň «Irisleri» €50 milliona satyldy
Fransuz suratkeşi Klod Moneniň «Irisler» atly eseri Parižde geçirilen Sotheby's auksionynda komissiýa tölegini goşmak bilen, 50 million ýewro satyldy. Auksion öýüniň maglumatyna görä, bu Fransiýada auksion arkaly sungat eseri üçin tölenen iň ýokary bahadyr. Bu barada BFMTV neşiri habar berýär.
Satuwdan öň eseriň bahasy 22–30 million ýewro ar...
Lionel Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
«Altyn topuň» sekiz gezek eýesi Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada baýragyň gaznasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Sylaglama dabarasy anna güni Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki «Kampoamor» teatrynda geçirildi.
Asturiýa şa gyzynyň baýragy 1980-nji ýyldan bäri gowşuryl...
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň 30 ýyllygy bellenildi
23-nji noýabrda Adalat köşgüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
...
Getty Images bankrot boldy: indi kompaniýa $533 million maýa çekmegi meýilleşdirýär
Dünýäniň iri surat agentlikleriniň biri bolan Getty Images ABŞ-da karz berijilerden gorag almak üçin kazyýete ýüz tutdy.
Dünýäniň dürli künjeklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, kompaniýalar we awtorlar tarapyndan suratlary, wideolary hem-de illýustrasiýalary ulanylýan kompaniýa bu ädim arkaly işini togtatmazdan, maliýe ýagdaýyny...
Afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 371 kitap ýazyp, $1 mln gazandy
Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda 371 kitap neşir etdi. Olaryň ählisi emeli aňyň kömegi bilen ýazyldy diýip, ýerli EWN radiosy habar berýär.
2025-nji ýylyň fewralynda Hart emeli aňyň kömegi bilen ýazmaga başlady. Mundan öň ol 14 ýyllap neşirýat işinde zähmet çekdi we adaty usulda onlarça eseri ý...
Ak aýylara guş dümewi ýokuşdy: ýokanjy Arktika göçüp-gonýan guşlar getirdi
Alymlar Grenlandiýanyň gündogarynda ýaşaýan ak aýylarda öň guş dümewini geçirendigini görkezýän alamatlary ýüze çykardylar. Geçirilen barlaglar Arktikanyň bu ýyrtyjylaryna ýokuşganlygy ýokary bolan dümewiň göçüp-gonýan guşlardan geçen bolmagynyň mümkindigini görkezdi. Sebäbi howanyň üýtgemegi ak aýylaryň şeýle guşlar we beýleki ýokanç çeşmeleri bil...
Florida polisiýasy uçýan elektromobilden peýdalanyp başlar
ABŞ-nyň Florida politehniki uniwersiteti okuw şäherçesinde gözegçilik etmek we adatdan daşary ýagdaýlara dessin jogap bermek üçin «Jetson ONE» atly elektromobili ulanmagy meýilleşdirýär. Bu taslama şahsy uçýan enjamlaryň polisiýanyň işinde näderejede peýdaly bolup biljekdigini barlamaga mümkinçilik berer.
«Jetson ONE» elektrik hereketlendiri...
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň taslamasyna düzedişleri girizdi
Şu gün, 24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň seýilgähiniň taslamasy we onuň çäginde goýulmagy meýilleşdirilýän dürli şekilleriň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmenistanyň Halk Ma...
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde kottejleriň we köpgatly jaýlaryň gurluşygy bilen tanyşdy
Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäginde gurulýan kottejler toplumy we köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow kottejler...
Adalat ministrliginde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi geçiriler
7-nji noýabrda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.
Jemgyýetçilik kabul edişligi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda guralýar.
Raýatlar Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolun...
Hytaýda 150 million ýyl ozal ýaşan ýiti dişli guşuň galyndylary tapyldy
Hytaýda, takmynan, 150 million ýyl ozal ýaşan we ähtimal uçup bilmedik gadymy guşuň täze görnüşi ýüze çykaryldy. Öň aýaklary gysga we uzyn süňk guýrukly guşuň awuny parçalamaga oňaýly ujy ýiti dişleriniň-de bolandygy anyklanyldy. Bu barada Earth.com neşiri habar berýär.
Täze görnüş Yuezhuornis yangyuanensis diýlip atlandyryldy. Onuň galyndyl...
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabara geçirildi
Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişel...
Türkiýede kömür şahtasynda partlama boldy
Türkiýäniň Zoňguldak ülkesindäki kömür şahtasynda güýçli partlama bolup, azyndan iki adam gurban boldy, bäş adam ýaralandy.
Ýerli teleýaýlymyň habar bermegine görä, ejir çekenler hassahana ýerleşdirildi. Betbagtçylygyň bolan ýerinde halas edijiler we dessin gulluklar işleýärler. Partlamanyň anyk sebäbi öwrenilýär.
Dünýäniň Merkezi banklary altyn pul ätiýaçlyklaryny ABŞ-dan çykarýarlar
Dünýä ýurtlarynyň Merkezi banklary altyn pul gorlaryny gyssagly artdyryp başladylar. Şu ýyl her aýda ýurtlar 80 tonna altyn satyn alýarlar, bu 2022-nji ýyldakydan dört esse köpdür diýip, «news.by» habar berýär.
Galyberse-de, döwlet we hususy banklar özleriniň gymmatly metalyny ABŞ-daky saklawhanalardan çykarýarlar.
Bu ýagdaý häzirki ç...