Türkmenistanly suratkeş Aýa Mingaz Hytaýyň Gonkong şäherinde geçirilen «Way of Inner Light» atly häzirki zaman sungatynyň halkara sergisinde öz eserlerini görkezdi. Sergi ýakynda «Hong Kong Visual Arts Centre» medeniýet merkezinde geçirildi. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. Çärä dürli ýurtlaryň suratkeşlerini bir ýere jemleýän halkara galereýa we medeni platforma bolan «Inner Light Asia» atly guram tarapyndan guraldy. Sergi Gündogar Aziýanyň iň ähmiýetli baýramlarynyň biri bolan Orta güýz baýramyna bagyşlandy. Bu baýram ýagtylygyň, sazlaşygyň we adamlaryň agzybirliginiň nyşany hasaplanýar. Türkmen suratkeşi Gonkongda häzirki zaman sungatynyň sergisinde öz eserlerini görkezdi Sergide görkezilen eserleriň esasy temalary ýatlamalar, medeni miras, adam gatnaşyklary we ruhy ýagtylyk boldy. Bellenilişi ýaly, suratkeş şahsy ýatlamalaryndan, öz halkynyň medeni däplerinden we umumadamzat gymmatlyklaryndan ylham alyp döreden suratlar toplumyny görkezdi. Onuň eserlerinde öý, ýatlamalar, maşgala we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar beýan edilýär. Aýa Mingaz Türkmenistanda dünýä indi we B. Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde bilim aldy. Soňra Moskwanyň döwlet dizaýn we tehnologiýalar uniwersitetinde hem-de «Milan Art Institute» institutynda okuwyny dowam etdirdi. Onuň eserleri Gonkongyň (Hytaý), Ýewropanyň, ABŞ-nyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň hususy kolleksiýalarynda saklanýar. Türkmen suratkeşi Gonkongda häzirki zaman sungatynyň sergisinde öz eserlerini görkezdi Çäräni guraýjylaryň pikirine görä, Aýa Mingazyň döredijiligi türkmen sungatynyň halkara derejesinde üstünlikli tanyşdyrylmagynyň nusgasydyr we ýurtlaryň arasynda medeni dialogyň ösdürilmegine ýardam edýär. Gonkongdaky sergä gatnaşmak suratkeşiň halkara döredijilik ýolunda nobatdaky möhüm tapgyr boldy hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň Merkezi Aziýanyň häzirki zaman sungatyna barha artýan gyzyklanmasyny görkezdi.