«OJAR AZIÝA» kompaniýasy Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasynyň hem-de Senagat we söwda ministrliginiň ýardam bermeginde Kabul şäherindäki Owganystanyň Halkara sergi merkezinde geçirilen Ymam Abu Hanifanyň adyny göterýän 5-nji milli we halkara söwda sergisine gatnaşdy. Bu sergi döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň, maýadarlaryň we telekeçileriň wekillerini bir ýere jemleýän, ýurduň iň ähmiýetli we abraýly söwda-maýa goýum meýdançalarynyň biridir. Sergide Türkmenistana wekilçilik eden ýeke-täk gurluşyk kompaniýasy bolan «OJAR AZIÝA» HK-sy myhmanlary taýýarlyk we durmuşa geçirmek tapgyrlarynda alnyp barylýan taslamalary bilen tanyşdyrdy. Sergide Sarahs – Mary – Serhetabat ugry boýunça döwrebap ýokary tizlikli awtomagistral taslamasy esasy orny eýeledi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi doganlyk döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Eýranyň, Owganystanyň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň sebitdäki üstaşyr ulag ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Kompaniýa Owganystanyň çägindäki Turgundy demir ýol bekediniň gury portunda häzirki wagtda gurulýan döwrebap ammar we logistika toplumyny hem tanyşdyrdy. Desga demir ýol we awtomobil ulaglarynyň arasynda ýükleri saklamak, gaýtadan işlemek we geçirmek üçin niýetlenendir. Tanyşdyrylan beýleki başlangyçlaryň arasynda türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky Serhetabat şäherinde gurulýan myhmanhana-logistika toplumy we döwrebap un önümçiligi kärhanasy hem bar. Bu taslamalar ösýän söwda we ulag akymlaryna hyzmat etmäge, serhetýaka düzümini ösdürmäge hem-de Owganystanyň bazaryny ýokary hilli önümler bilen durnukly üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň we Owganystanyň milli öwüşginlerini özünde jemleýän «OJAR AZIÝA» kompaniýasynyň döwrebap sergi diwarlygy myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Kompaniýanyň wekilleri G2B we B2B görnüşlerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň hem-de infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Serginiň çäklerinde Owganystanyň we Eýranyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara hem gol çekildi. «OJAR AZIÝA» Owganystanda geçirilen halkara sergä gatnaşdy Sergä gatnaşmaklyk «OJAR AZIÝA» kompaniýasynyñ döwrebap infrastrukturany ösdürmekde, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→