Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 13 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen pagta süýümini, arassalanan pagta galyndylaryny, nah ýüplügini we dürli görnüşli matalary satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmengaz» DK-na degişli bolan tehniki kükürt satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 145 million 11 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 363 müň 200 manatlyk nah ýüplügini, matalary hem-de aýnadan öndürilen bankalary satyn aldylar.