ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýa bilen dizel ýangyjyny satyn almak babatda geleşik baglaşdy. Bu barada «Axios» neşirine salgylanýan «news.by» habar berdi. Öňküsi gün Ak tamyň hojaýyny RF-niň döwlet Baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soňra Russiýanyň amerikan we dünýä bazaryna 300 müň, biraz soň birnäçe million tonna dizel ýangyjyny iberjekdigini habar beripdi. Şondan soňra ABŞ-nyň Maliýe ministrligi rus dizel ýangyjynyň satuwyny 2027-nji ýylyň 7-nji apreline çenli gadaganlyk astyndan çykardy.