«Diň» atly amerikan trilleriniň dowamy bolan filmi «Belet» platformasynda görüp bolýar. «Diň 2» (asyl ady — Fall 2: Deadpoint) filmi 2026-njy ýylda çykdy. Ol 2022-nji ýylda surata düşürilip, belentlikde duzaga düşen gyzlar barada gürrüň berýän filmiň dowamydyr. Filmiň täze bölüminiň wakalary birinji filmiň wakalaryndan soň bolup geçýär. Baş gahryman Jaks Hanter telewizion diňinde heläk bolan aýal dogany Şaýlonyň ýitgisini agyr başdan geçirýär. Bu ýitginiň hasratyny ýeňip geçmek üçin ol dosty Lýus bilen Taýlanda gidýär. Ol ýerde gyzlara Kwan dagynyň üstündäki agaç düşelen dar ýodadan geçmek ýaly howply synag garaşýar. Birden gaýadan daşlaryň gaçmagynyň netijesinde gahrymanlar takmynan 900 metr belentlikde ýerleşýän dar gurluşyň üstünde duzaga düşýärler. Filmiň baş keşplerini Harriýet Sleýter, Arsema Tomas we Tom Britni ýerine ýetirdiler. Filmiň režissýorlary «Byçgy 8» filmi bilen tanalýan Maýkl we Piter Spirigler. Olar ssenariýni birinji filmiň režissýory Skott Mann we Jonatan Frank bilen bilelikde ýazdylar. Filmiň surata düşürilişi Taýlandda geçirildi we ol 2025-nji ýylda tamamlandy. Filmiň dünýä boýunça ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda boldy, Russiýanyň kinoteatrlarynda bolsa ol 24-nji sentýabrda görkezilip başlandy. Birinji «Diň» filmi takmynan 3 million dollarlyk býujet bilen prokatda 21 million dollar töweregi girdeji gazandy. Soňra film striming hyzmatlarynda giňden meşhurlyk gazandy. Günbatar neşirleriniň habar bermegine görä, filmiň üçünji bölüminiň üstünde hem iş alnyp barylýar. Indi tomaşaçylar «Diň 2» filmini «Belet» platformasynda görüp bilerler.