«Arkadagyň» AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Kuala-Lumpurda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 2026/2027 möwsümi üçin toparçalaýyn tapgyryň bije çekilişigi geçirildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony — «Arkadag» futbol klubunyň garşydaşlary belli boldy.

Türkmen topary B toparça düşdi, bu ýerde onuň bäsdeşleri Birleşen Arap Emirliklerinden «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Goha...

Dowamy »

39 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Täze «Möý adam» 19 günde $2 milliarddan köp gazandy

«Möý adam: Täze gün» filminiň dünýä boýunça kassa ýygymy premýeradan soň 19 günüň içinde 2,02 milliard dollara ýetdi. Bu görkezijä ondan tiz diňe 2019-njy ýylyň aprelinde bary-ýogy 11 günüň dowamynda şonça ýygnan «Ar alyjylar: Final» filmi ýetipdi.

Franşizanyň täze bölümi prokatyň başyndan bäri ýokary netijeleri görkezýär. Ozal bu fi...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türkmen alymlary topragy nebit önümlerinden arassalamagyň biologik usulyny oýlap tapdy

Türkmenistanda nebit-gaz ulgamy üçin iki sany täze çözgüt işlenip taýýarlandy we patentleşdirildi. Bu barada «Türkmennebit» saýty habar berýär.

Birinji çözgüt nebit önümleri bilen hapalanan topragy düýpli arassalamagyň we dikeltmegiň biologik usulydyr. Ol tomusky yssy hem-de topragyň şorlaşmagy şertlerinde agyr uglewodorodlary bölmäg...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Taýwan EA-nyň getirýän girdejisinden raýatlara $314 paýlamagy meýilleşdirýär

Taipei Times neşiriniň habar bermegine görä, Taýwan häkimiýeti 2027-nji ýylda «emeli aňdan gelýän girdejiler» maksatnamasynyň çäginde her bir raýata 10 müň täze taýwan dollaryny (takmynan $314) tölemegi meýilleşdirýär. Bu barada adanyň administrasiýasynyň baştutany Wilyam Laý mälim etdi.

Laý bu maksatlar üçin býujet taslamasynda 235,...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

FT: Klub eýeleriniň agzalalygy zerarly «Çelsiniň» paýnamalary satlyga çykaryldy

Amerikaly maýadarlar Todd Boeli we Mark Wolter «Çelsi» futbol klubundaky paýlaryny onuň esasy (mažoritar) eýesi bolan Clearlake Capital maýa goýum kompaniýasyna satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu hakda ýagdaýdan habardar çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) neşiri ýazýar.

Taraplar bu meseläni öň hem birnäçe ýyllap maslahat...

Dowamy »

36 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Aşgabatdan Stambula, Kazana we ýene 3 şähere howa gatnawynyň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny hepdede 12-den 13-e, Kazana bolsa dörtden alta çenli artdyrar. Bu üýtgeşmeler awiakompaniýanyň täze uçuş tertibinde görkezilen.

Türkiýäniň Stambul şäheri ugry boýunça çarşenbe gününe goşmaça gatnaw ýola goýlar. Şeýlelikde, Aşgabat bilen Sta...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Norwegiýanyň patyşasy Harald V keselhana düşdi

Norwegiýanyň patyşasy Harald V keselhana ýerleşdirildi we ol ýerde iki hepdä golaý wagtyň dowamynda bejergi alar. Bu barada Ýurduň Patyşalyk diwany habar berdi.

89 ýaşly monarh häzirki wagtda Ýewropada iň ýaşuly hökümdarlaryň biri hasaplanylýar.

Beýanatda Harald V-iň «saglyk ýagdaýy sebäpli rugsatdadygy» bellenilýär. K...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Belgiýada işçiler 9 million ýewrolyk altynyň üstünden bardylar: özlerine aldylarmy?

Belgiýanyň Sint-Gillis-Was şäherinde abatlaýyş işleri geçirilen mahaly gurluşykçylar gizlenip goýlan altyn tapdylar. Onuň deslapky bahasy 9 million ýewro barabar.

Tapyndy XIX asyryň ahyrynda piwo zawodynyň eýesi Teofilus Wan Assha degişli bolan jaýyň ýerzemininde tapyldy. Häzirki wagtda bu taryhy bina CAW Oost-Vlaanderen sosial ýarda...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Täze äpet Tesla batareýasy 385 müň öýi 4 sagatlap tok bilen üpjün edip biler

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Poueý şäherinde Tesla Megapack batareýalarynyň binýadynda, bahasy 290 million dollara deň bolan ägirt uly energiýa toplaýjy ulgam işe girizildi. Ol doly güýjünde işlände 385 müň öýi 4 sagatlap elektrik energiýasy bilen üpjün edip bilýär.

Ulgamyň güýji 300 Mwt, sygymy bolsa 1200 Mwt·s-a barabardyr.
...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Aşgabatda Türkmenistan bilen Bangladeşiň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi

15-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Bangladeşiň wekiliýetine bolsa ýurduň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary b...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Hytaý inženerleri 800 adamy bir uçara sygdyrjak bolýar: bu bolup biljek zatmy?

Hytaýly gözlegçiler topary bir wagtyň özünde 800 adam daşap biljek reaktiw ýolagçy laýneriniň taslamasynyň üstünde işleýär. Bu barada Journal of Aerospace Power ylmy žurnalyna salgylanýan South China Morning Post neşiri ýazýar.

Täze taslama «uçýan ganat» aerodinamiki çyzgysy boýunça amala aşyrylýar.

Uçar enjamynyň kons...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň başlygy çalşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, b...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Bürünç eýýamynyň modasy: Gadymy Ýunan begzadalary meteorit ýüzük dakynypdyr

Adamzat magdandan demir eretme tehnologiýasyny özleşdirmänkä bu metal örän seýrek duş gelip, altyn bilen deň görülýän ekeni. Onuň ýeke-täk elýeterli çeşmesi bolsa Ýere düşýän meteoritler bolupdyr.

Gadymy grekleriň bu «asman» materialyny ulanyp-ulanmanlygy uzak wagt bäri syr bolup galypdy. Emma ýakynda Journal of Archaeological Scienc...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ronaldu 2027-nji ýylda karýerasyny tamamlamak niýetiniň bardygyny aýtdy

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu «Vogue» žurnaly bilen söhbetdeşlikde 2026/27 möwsüminiň öz karýerasynda iň soňky möwsüm boljagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

41 ýaşly türgen sportdan gidenden soň etsem-petsemleriniň köpdügini belledi.

«Bu, megerem, meniň futboldaky iň soňky ýylym bolar, şonuň üçin özümden soň uly yz...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Time: Emeli aň ilkinji gezek adamy işden çykardy

San-Fransiskoda emeli aň bir işgäri işden çykarmak baradaky çözgüdi kabul etdi. Beýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek hasaba alyndy diýip, «Time» žurnaly habar berýär.

Bu waka awtonom emeli aň agentlerini synagdan geçirýän, şwesiýanyň Andon Labs startapy tarapyndan dolandyrylýan Andon Market dükanynda bolup geçdi. Dolandyryjylyk işlerin...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Milliarder Larri Ellison iki aýyň içinde 104 milliard ýitirdi

Oracle kompaniýasynyň paýnamalarynyň birden arzanlamagy netijesinde onuň esaslandyryjylarynyň biri bolan Larri Ellison iki aýda takmynan 104 milliard dollar ýitirdi. «Forbes» neşiriniň ýazmagyna görä, milliarder dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orundan sekizinji orna düşdi.

Geçen anna güni Ellisonyň baýlygy bir günüň için...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

210 sany «Mosartyň» ogurlanmagy sebäpli Zalsburgdaky sergi möhletinden öň ýapyldy

Zalsburgda Wolfgang Amadeý Mosartyň altyn heýkeljikleriniň sergisi eksponatlaryň yzygiderli ogurlanmagy sebäpli möhletinden öň ýapyldy. Bu barada ýerli «ORF Landesstudio Salzburg» neşiri habar berýär.

Iýul aýynyň ortalarynda «Mosarteum» gaznasy kompozitoryň öýüniň bagynda we otaglarynda nemes suratkeşi Ottmar Hörl tarapyndan döredile...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Lihtenşteýnde taryhy kanun kabul edildi: indi zenanlar hem tagta geçip biler

Lihtenşteýniň Knýazlyk öýi tagtyň miras geçiş düzgünlerini üýtgetdi: indi zenanlar hem erkekler bilen deň hatarda tagty eýeläp biler.

Knýazlyk öýüniň 15-nji awgustda çap edilen metbugat beýanatyna görä, knýaz maşgalasynyň nesillerinden bolan zenanlar nesilşalyk bilen bagly meselelere gatnaşmakda erkekler bilen birmeňzeş hukuklara eýe...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Alymlar «ýalançy aýna» döretdiler

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary «ýalançy aýna» diýlip atlandyrylýan täze optik enjamy oýlap tapdylar.

Adaty aýnalardan tapawutlylykda, bu aýna özüne düşýän ýagtylygy diňe bir yza serpikdirmek bilen çäklenmän, ony öňünden bellibir şekile salýar. Özi-de muny hiç hili batareýasyz, ekransyz hem elektronikasyz ýerine...

Dowamy »

40 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistan Serbiýadaky EXPO-2027 sergisinde milli pawilýonyň gurluşygyna girişer

Türkmenistanyň Prezidenti Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Belgradda (Serbiýa) geçiriljek «EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin ýurduň milli pawilýonyny gurmaga we gurnamaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini giňd...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago