Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Seýran Atanyýazow Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen GDA-nyň XX ýubileý ýaşlar Delfi oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Seýran ussatlyk bilen ýerine ýetiren skripka eserleri arkaly türkmen skripkaçylyk mekdebine mynasyp wekilçilik etdi. Ýöne rus skripkaçysy bal boýunça ondan sähelçe öňe saýlandy. Bu Seýranyň Delfi oýunlarynda gazanan ikinji kümüş medaly bolup, ol 2023-nji ýylda hem bu ýaryşda kümüş medala eýe bolupdy. Oýunlara Türkmenistandan Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýene iki talyby — «Akademiki aýdym aýtmak» ugry boýunça çykyş eden Asel Ruslanowa we «Estrada wokaly» ugry boýunça çykyş eden Anna Weliahmedowa hem gatnaşdy. Koloratur sopranosy bilen tapawutlanýan Asel Ruslanowa örän mynasyp çykyş etdi. Gazagystandan gelen, dürli bäsleşiklerde baýraklara mynasyp bolan tejribeli aýdymçylar bilen bäsleşip, dördünji orny eýelemegi hem uly üstünlikdir. Anna Weliahmedowa türkmen halk aýdymyny, şeýle hem daşary ýurt kompozitorlarynyň estrada eserlerini ýerine ýetirdi. Ol çykyşy üçin Hormat diplomyna mynasyp boldy.